«Köpetdag» — Naýbaşy liganyň ýeňijisi

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda jemleýji aýlawyň duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galdy. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagy» 61 utuk toplap wagtyndan öň nobatdaky çempionlygyny gazanmagy başardy.

Ikinji we üçünji orun baýrakly orun ugrundaky göreş bolsa ýiti häsiýete eýe bolýar. Bu orunlara häzirlikçe ikinji orunda barýan «Senagatbank» (44 utuk), üçünji we dördünji ýerlerdäki «Migrasiýa» (41 utuk) we «Deňizçi» (39 utuk), şeýle hem «Gümrükçi» (38 utuk) toparlary dalaş edýär.

Jemleýji duşuşyklary 8-nji noýabrda geçiriljek Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda 8 toparyň çykyş edýändigini ýatladýarys.

Miwe Gurbanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok