Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisi

1-nji noýabrda Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada TDH habar berýär.

Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly guralan ilkinji internet-sergi milli Liderimiziň halk hojalygy toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini, şeýle hem 2020 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasat işini ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmaga bolan möhüm ädimi äşgär edýär.

Ýöriteleşdirilen internet-portallarda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri kärhanalary we sebitleri wirtual bölümleri gurap, daşary ýurtly hyzmatdaşlary we beýleki köp sanly internet serişdelerini ulanyjylary alyp barýan işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler, uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler we ägirt uly eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Serginiň her bölüminde görkezilýän önümler we aragatnaşyk hem-de elektron poçta salgysy arkaly ýola goýulýan hyzmatlar baradaky maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýändigini aýratyn bellemeli.

Şeýlelikde, ýörite taýýarlanylan önümleriň we umumy elýeterliligi bolan elektron serişdeleriň üsti bilen ählumumy ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ýeten derejesini görkezmek gyzyklanma bildirýänler üçin islendik pudak barada zerur bolan maglumatlary diňe bir gije-gündiziň dowamynda almaga däl, eýsem, birnäçe ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen göni aragatnaşyga çykmaga mümkinçilik berer. Açyk portallara salgylanmak arkaly saýtlarda guralan wirtual sergä gatnaşyjylar öz guraýan sergilerini baýlaşdyrmak we zerur bolan halatynda goşmaça maglumatlary girizmek mümkinçiliklerine eýe boldular.

Täze taryhy eýýamda gazanylýan üstünlikleri görkezýän bölümler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýe bolýandygyny we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek we önümleriň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleriň gazanylýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Wirtual serginiň guralmagy sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde ýurduň innowasion ösüşi ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar.

Geografik taýdan çägi bolmadyk täze internet-taslamanyň dünýäniň ähli künjeklerinde uly meşhurlyga eýe boljakdygy gürrüňsizdir. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýubileý ýylynda ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.

Aýjahan Bagyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok