Möwsüminiň soňky at çapşygynyň netijeleri

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşygy möwsüminiň ýapylyş dabarasy boldy. Atçylyk sport toplumynyň girelgesinde ýapylyş dabarasyna gelen janköýerler aýdym-sazly çykyşlara, haşamlanylan ak öýlere, onuň töwereginde sergilenen el işleridir milli lybaslara, at esbaplarydyr olaryň şaý-seplerine syn etmäge mümkinçilik aldylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Birinji we ikinji çapyşyklarda ýetginjek çapyksuwarlar 1200 metr aralyga üçýaşar atlarda bäsleşdiler. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Kişmiri arzyly pellehana ilkinji gelmegi başardy. Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Orazmyrat Annalyýewiň seýislän dor atyna Amanmeret Çarygulyýew erk etdi. Ikinji çapyşykda bellenilen aralygy ilkinji bolup Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli bolan Selbinýaz geçmegi başardy. Begenç Muhammedowyň seýislän gara dor gysragyna Yslamguly Allanazarow çapyksuwarlyk etdi.

Saýlama üçýaşar atlaryň gatnaşmagynda 1800 metr aralyga geçirilen bäsleşik — üçünji çapyşyk hem köpleri gyzyklandyrdy. Ussat çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Bezirgen atly akýal mele at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Maksat Agamyradowyň seýislän bedewine ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow çapyksuwarlyk edip, ol janköýerleriň ynamyny ödemegi başardy.

Dördünji çapyşykda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli bolan Ülker atly dor bedew toýçy mähelläniň öňünden okdurylyp arzyly pellehana ilkinji gelmegi başardy. Bu bedewiň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Gaýyp Kiçigulow, çapyksuwary bolsa ikinji derejeli çapyksuwar Ylham Saparow.

Bäşinji çapyşyk 2200 metr aralyga geçirildi. Bu çapyşyk has-da çekeleşikli geçdi. Bäşlik belgide ýaryşa goşulan Ýakymly beýleki atlara per bermedi. Ol soňky iki-üç ýüz metrlikde dyzynyň kuwwatyny has-da artdyryp, arany ep-esli açyp, bellenilen aralygy 2 minut 35,2 sekuntda geçmegi başardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan bu dor atyň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Toýly Babaýew, çapyksuwary bolsa Durdy Hojamuhammedow.

Öz aralarynda çekeleşikli pursatlary döreden dört we uly ýaşar atlaryň gatnaşmagynda 2400 metr aralyga geçirilen altynjy çapyşygyň ýeňijisi bolmak Algunana nesip etdi. Özüniň ynamly aýak urşy bilen beýleki atlary yza galdyran al at janköýerleriň arasynda uly şowhun döretmegi başardy. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli bolan bu atyň seýsi Hezret Babalyýew, çapyksuwary bolsa Işanguly Babalyýewdir.

Ýedinji çapyşyk hem dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 2400 metr aralykda geçirildi. Jemleýji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Baýyr atly dor at ýeňiji bolmagy başardy. Türkmenistanyň halk atşynasy Mälik Muhammedowyň seýislän, Öwezmyrat Gurbanmyradowyň çapyksuwarlyk eden dor aty bellenilen aralygy 2 minut 52 sekuntda geçmegi başardy.

Toýlarymyzyň ýaraşygy, dilleri senaly, pähimli ýaşulularymyz her çapyşykdan soň bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sylag-serpaý gowşurdylar.

Güýzki at çapyşygy tamamlanandan soňra bu ýerde toý sadakasy berildi. Onda ýurdumyzyň parahatçylygy, ilimiziň agzybirligi, ýurdumyzyň ösüşlere beslenmegi ugrunda döwletli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyga beslenmegi dileg edildi.

Aýbölek Babageldiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok