Konkur boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi

Paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda konkur boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa atçylyk sportunyň bu görnüşi bilen gyzyklanýan ussat türgenleriň 10-sy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar.

Çempionatyň dowamynda germaniýaly atşynas, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Katarina Ýakob bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk hem geçirildi.

Ýaryşda atlar 15 gezek böküp, jemi 12 päsgelçilikden geçýärler. Eger-de bir päsgelçilikden geçip bilmedik ýagdaýyňda, eminler tarapyndan 4 jerime berilýär. Häzirki wagtda ahalteke atlarynyň konkurdaky görkezen iň ýokary netijesi — 120 santimetr belentlikdir.

Üç tapgyrda dowam eden çempionatyň birinji tapgyrynda bedewler päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, utuk toplamakda bäsleşdiler. Birinji tapgyrda utuk sany boýunça yza galan atlaryň dördüsi ikinji tapgyra goýberilmedi. Ikinji tapgyr bolsa alty bedewiň arasynda geçirildi. Onda hem bedewleriň 2-si päsgelçiliklerden şowly geçip, olara üçünji tapgyra gatnaşdyrylmagyna hukuk berildi. Ýaryşyň üçünji tapgyrynda ussat türgenler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Nikolaý Beglarýan bilen ussat türgen Ezberguly Babalyýewiň münen atlarynyň arasynda geçirildi. Üçünji ýeri almak ugrundaky ýaryşlar bolsa dört bedewiň arasynda geçirildi.

Eminleriň gelen netijesine laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Nikolaý Beglarýan Türkmenistanyň atly sport federasiýasynyň Toýçy atly gyr aty bilen birinji, ussat türgen Ezberguly Babalyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Terbaş atly gyr aty bilen ikinji orna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Seýitymam Seýidow bolsa Milli atly sport merkeziniň Akgala atly gara gyr aty bilen üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan türgenler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Hormat hatlarydyr kuboklary bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Akpamyk Orazdurdyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok