Aleksandr Usik: «Dünýäniň aňrybaş çempiony bolasym gelýär»

Agyr agramda çykyş edýän ukrain boksçysy Aleksandr Usik Derek Çisora garşy geçirilen duşuşykda gazanan ýeňşi barada gürrüň berdi.

«Çisora — erjel garşydaş, ol gowy söweşdi. Men muňa taýýardym. Dogrusy, has kynrak bolar öýdüpdim. Bu söweş üçin özüme näçe baha goýar öýdýäňiz? Üçlük!»

Agyr agramda näderejede üstünlikli çykyş etjegime bilermenler baha bersin.

Elbetde, agyr agramda dünýä çempiony bolasym gelýär. Diňe bir dünýä çempiony hem däl, aňrybaş dünýä çempionlygyny isleýärin.

Häzir bolsa öýe dolanyp baryp, mümkin boldugyça köpräk wagtymy maşgalamyň arasynda geçiresim gelýär.

Mälim bolşy ýaly, Londonda geçirilen professional boks gijesiniň esasy duşuşygynda Usik eminleriň biragyzdan çykaran netijesine görä (117-112, 115-113, 115-113), üstün çykdy. Netijede ol agyr agramda WBO derejesine resmi dalaşgär boldy.

12-nji dekabrda agyr agramda WBO-nyň, WBA-nyň, IBF-iň, IBO-nyň çempiony Entoni Joşua bilen Kubrat Pulewiň arasynda söweş geçiriler. Aleksandr Usik onuň ýeňijisi bilen duşuşar.

Baýmuhammet Şirliýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok