Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ösüşler bilen bezelýän her bir gün halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin edilýän tagallalar bilen dowam edýär. Ata-babalarymyzyň “Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär”, “El görki — hünär” diýen pähim-paýhasyndan ruhlanyp, tejribeli mugallymlar okuwçy gyzlara haly dokamagyň inçe tilsimlerini öwredýärler. Olar haly dokamak üçin zerur bolan gurallar — keser, darak we synny bilen tanyşdyrylýar. Ilki bilen haly dokamak üçin ýörite taýýarlanan ýüplükler, ýagny ýüwürdilen erişler gerek bolýar.
Ene-mamalarymyzyň mähri siňen, türkmen zenanlarynyň buýsanjy bilen dokalan halylar, adatça, saryja goýnuň ýüňünden taýýarlanylan ýüplüklerden dokalýar. Tebigy boýaglar bilen boýalan ýüpleriň reňkleri dürli öwüşginde bolup, göze örän ýakymly görünýär. Türkmen halylarynyň köplenç goýy reňklerde dokalýandygy olaryň aýratynlygydyr. On barmagyň çeýeligi, inçe pikir we zehin bilen dokalýan halylary taýýarlamak uly zähmeti we sabyr-takaty talap edýär.
Ene-mamalarymyz täze dokalan halylary hiç haçan aýak astynda goýmandyrlar, olary öýüň iň hormatly ýerine – töre ýazyp goýupdyrlar. Bu bolsa halylaryň gymmatynyň we zähmet bilen döredilendiginiň nyşanydyr. El bilen dokalýan bu ajaýyp sungata dünýä jemgyýeti hem ýokary baha berýär. Türkmen haly sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu sungata dünýä derejesindäki hormatyň beýanydyr.
Mundan başga-da, ýurdumyzda alaja örmek, aldymgaç kakmak, jorap örmek we keşde çekmek ýaly halk senetlerine degişli işler boýunça sergiler hem yzygiderli geçirilýär.
Güljan Ýagşymuradowa,
Çärjew etrabynyň Farap şäher çagalar we
ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýollbaşçysy.
Teswirler