Türkmen işewürleri TIBCO-2025 halkara sergisine gatnaşar

Rumyniýanyň “Romexpo S.A.” kompaniýasy Türkmenistanyň işewürlerine resmi taýdan TIBCO-2025 halkara sergisine gatnaşmagyna çakylyk iberdi. Çäre 29-njy maýdan 1-nji iýuna arlygynda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Romexpo sergi we ýapyk arena merkeziniň C2 pawilýonynda geçiriler.

TIBCO sergisi (Targul international de bunuri de larg consum) dürli pudaklaryň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän halkara söwdanyň ähmiýetli platformasy bolup durýar. Çäräniň esasy maksady – işewür gatnaşyklar üçin şertleri döretmek, eksport mümkinçiliklerini görkezmek hem-de döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmekdir.

Türkmen telekeçileriniň TIBCO sergisine 2024-nji ýylda ilkinji gezek gatnaşyp Rumyniýada milli senagatyň mümkinçiliklerini görkezdiler. Şu ýylky geçiriljek sergi has uly möçberde guraljakdygyny guramaçylar aýtdylar.

Sergi hakynda has giňişleýin maglumat romexpo.ro resmi web sahypasynda elýeterlidir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok