Ýurdumyzyň düzlüklerinde, daglarynda, çemenliklerinde, çöllerinde her dürli ösümlikler ösýärler. Ähli ýerde diýen ýaly ösümliklere duş gelmek bolýar. Türkmenistanyň çöllerinde sazak, gandym, çerkez, selin ýaly ösümlikler, daglarynda arça, kerkaw agaçlary, tokaýlarynda toraňňy, ýylgyn, gamyş, sähra ýerlerinde gyrtyç, dele, gyýak we beýleki ösümlikler ösýärler. Bularyň hemmesi adam tarapyndan ekilmän özleri gögerýän ösümliklerdir. Şunuň ýaly ösümliklere ýabany ösümlikler diýilýär. Mysal üçin: gyrtyç, ýylak, ýandak we beýleki ösümlikler haýwanlara ot-iým bolýar. Ýabany ösümlikleriň birnäçesi dokma we kagyz senagatynda çyg mal bolup hyzmat edýär. Olardan gamşy, galmaý ýekeni we beýlekileri görkezmek bolar. Ýabany ösümlikleriň arasynda dokma senagatynda ýüň ýüpek we ýüplük sapaklaryny boýamak üçin gerekli reňk berýänleride kändir. Oňa yşgyn, sözen, çerkez we beýlekiler mysal bolup biler. Ençeme ýabany ösümliklerden adamyň keseline melhem etmek üçin dermanlyk maddalar alynýar. Oňa boýbodran, buýan, käkilik oty, keýik oty we beýlekiler mysal bolup biler.
Howasy tenekar, suwy melhem türkmen topragy dermanlyk ösümliklere baýdyr. Şol ösümlikleriň biri hem atgulakdyr. Atgulak ir döwürlerden bäri Gadymy Hytaýda, Rimde we Gresiýada melhem hökmünde giňden ulanylypdyr. Gündogaryň lukmanlary hem bu otuň täsin aýratynlyklary barada öz işlerinde ýazypdyrlar. Uzak demirgazyk ýurtlaryndan başga ähli ýerde bitýän atgulagyň dünýä ýüzünde ýüzlerçe görnüşi bar. Atgulagyň latynça ady «nal» we «hereket» sözlerinden emele gelip, ony aýak yzyna meňzedipdirler. Amerikan indeýleri bu oty «Ak adamyň aýak yzy» diýip atlandyrypdyrlar.
Halk lukmançylygynda atgulagyň porrugynyň tozy gakylyk goparyjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Onuň ýapraklarynyň we miweleriniň petini ýumşak çişlerde, dömme düwürtiklerde, ownuk düwürtiklerde, iriňli ýaralarda peýdalanylýar. Bulardan başga-da ol gan akmasyny togtadýar. Onuň porrugyndan taýýarlanan melhem böwrekdäki emele gelen daşy aýyrmakda, şeýle hem bakteriýalar sebäpli dem alyş ýollarynda ýüze çykýan keselleri bejermekde ulanylýar. Atgulagyň ter ýapraklarynyň şiresi göz perdesiniň ýaralarynyň hem emidir. Şeýle-de atgulagyň şiresi suwa garylyp ulanylsa, kesel dörediji stafilokoklaryň köpelmeginiň, iriňiň döremeginiň öňüni alýar. Atgulagyň ýapragyndan taýýarlanan melhemiň rahatlandyryjy, ukladyjy häsiýetleri bardyr. Onuň ýapragyndan demlenen çaýlar dem alyş ýollarynyň nemli gatlagynyň tirpildeýän kirpijikleriniň işjeňligini artdyryp, bronhial nemleriň işlenip çykarylmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde gakylygyň ýumşap, üsgürilende bronhlardan daşa çykmagyna ýardam berýär. Atgulak ýapraklarynyň gan basyşyny peseltmek häsiýeti hem bardyr. Sebäbi ondan taýýarlanan melhemler gan damarlaryny giňeldýär, gan basyşyny peseldýär we baş aýlanmasyndan gutulmaga ýardam berýär.
Bu günki gün ýurdumyzdaky dermanhanalaryň ählisinde ýörite gaplara gaplanan käkilik oty, narpyz, çopantelpek, atgulak, itburun, buýan ýaly ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk serişdeler bar. Munuň özi gözel tebigatymyzdaky ösümlikleriň ählisiniň dertlere dermandygyny görkezýär.
Mukam OMAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler