… O mahallar men Nebitdagyň (häzirki Balkanabadyň) telestudiýasynda işleýärdim. Şäheriň dürli kärdäki we dürli ýaşdaky çeper höwesjeňleri bolup Nebitçileriň medeniýet köşgüniň halk teatrynyň sahnasynda täze-täze spektakllary goýýardyk. Ähli halkymyz 1975-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýynlanýardy. Bizem Aşgabatda geçiriljek halk teatrlarynyň bäsleşigine gatnaşmak üçin Guseýin Muhtarowyň «Ajaýyp tebip» pýеsasyny sahnalaşdyrdyk. Aprel aýynda bu oýnuň ilkinji görkezilişine meşhur dramaturgyň özüni hem çagyrdyk. Şonda onuň ýanynda kinorežissýor Haýyt Ýakubow hem «Ajaýyp tebibi» görmäge gelipdi. Görüp otursak ol Barsagelmeziň burawlaýjylarynyň durmuşyndan gürrüň berýän «Çuňluk belgisi» atly dokumental filmininiň edebi ssenarisini ýazma üçin şäherimize gelen ekeni.
… Premýeradan soňra mesawy gürrüňde Haýyt Muhammedowiçe Moskwanyň Merkezi Telewideniýesinde uly üstünlikli görkezilen «Gurultaýdan-gurultaýa» atly publisistiki filmini görenligimi aýtdym. Başardygymdan oňa kömek bermäge taýyndygymy hem ýaňzytdym. Haýyt aga meniň bu teklibe diýseň begendi. Film surata düşürilende oňardygymdan işleri guramaga gatnaşdym. Tanymal kinoçy Aşgabada gelensoň, birki-aýdan maňa Türkmen telewideniýesiniň «Türkmentelefilm» döredijilik birleşigine işe geçmäge mümkinçiligiň döränligini habar berdi. Şeýlelikde, tötänlikde başlanan tanyşlygyň yzy halypa-şägirtlige ýazyp gitdi. «Türkmentelefilm» döredijilik birleşiginde: «Keçpelek», «Gaýgysyz Atabaýew» (režissýor Öwülýäguly Kulyýew), «Ajy kölüň hakykaty» (režissýor Baba Annanow), « Ýuwaş gelin» (režissýor Setdar Garajaýew), «Iki atanyň bir ogly» (režissýor Kakow Orazsähedow) ýaly ençeme çeper telefilmler, «Öýsüz-öwzarsyz Goňurja», «Hudaýberdi Gorkak», «Han we nan» ( režissýor Ýewgeniý Mihelson) ýaly multfilmler we onlarça film-konsertler döredildi.
Aşgabada gelemsoň Haýyt Muhammedowiçiň «Aslyýet» diýen dokumental lentasynyň döredilmegine gatnaşdym. Ýarym sagatlyk lenta 1926-njy ýyldan, ýagny, Aşgabadyň nah-mata kombinatynyň açylan gününden bäri bu kärhanada zähmet çekip gelýän Mälikguly Abaýewiň agzybir dokmaçylar maşgalasyna bagyşlanýardy. Mälikguly aganyň dört gyzy we ogly Alty tüýs öz kärinden kemal tapan dokmaçylar, uly gyzy Ene Öwezowa bolsa şol döwrüň iň ýokary sylagynyň ─ Zähmet Gahrymanynyň Altyn Ýyldyzynyň eýesi. «Aslyýet» Bütinsoýuz Merkezi telewideniýede görkezildi we millionlarça tomaşaçylar türkmen maşgalasynyň durmuşy bilen tanyşdy. 1977-nji ýylda Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) şäherinde geçirilen telewizion filmleriň halkara bäsleşiginde birinji baýraga mynasyp boldy.
Çepde-saga Aman Goşaýew, sürüji Pygam, Ilşat Gowşudow, Wladimyr Gukasow, Haýyt Ýakubow Haýyt Ýakubow iş başynda, montažçy Klawa Redko Haýyt Ýakubow nah-mata kombinatynda Haýyt Ýakubow we Bally Orazow
Bu film bilen bagly ýene-de bir wakany ýatlamakçy. Öň «Japbaklarda» bile işlänsoňlar Haýyt Muhammedowiç täze lentasyna saz ýazmagy kompozitor Nury Hälmmämedowdan haýyş etdi. Meşhur kopmozitor studiýa gelip, kinozalda ýa-da montaž stolunyň başynda taýyn materiallary görýärdi. Kompozitor režissýoryň bu gezekki tabşyrygynyň özünde gyzyklanma döredenligini nygtaýardy. Olar uzak wagtlap özara gürleşip, işçi temasyna bagyşlanýan filmiň sazyny halk heňlerine baglanyşdyrmak, Moskwada Döwlet kino komitetiniň simfoniki orkestrinde ýazgy etmek barada pikir alyşýardylar. Haýp, saglyk ýagdaýy Nury Halmämmedowa bu arzuwyny amala aşyrmaga mümkinçilik bermedi.
Tä 1985-nji ýylda Türkmen radiosyna işe geçýänçäm Haýyt halypanyň döreden 10-a golaý dokumental we «Gyzjagaz we gulanjyk» atly çeper telefilmlerinde onuň kömekçisi boldum.
Şondan soňra basym Haýyt Muhammedowiçi «Türkmentelefilmiň» çeperçilik-redaksion geňeşiniň baş redaktorlygyna bellediler. Ol: Myratly Baýramow, Şamuhammet Myradow, Leýla Nepesowa, Wladimir Klimenkow, Wiktor Belousow, Oleg Fadeýew ýaly tejribeli redaktorlary we ssenariçileri bu ýere jemledi.
…Oleg Fadeýew geňeşiň mejlisinde ýa-da üýşmeleňde: «Hemmeleri tebigat döredipdir, diňe Haýyt Muhammedowiç erjelligi we kino söýgüsi bilen öz-özüni döredipdir» diýip degişerdi. Köpler onuň Haýyt halypanyň rus diline suwara ökdeligini, islendik temadan proffesional derejede ssenariý ýazyp bilýändigini göz öňünde tutýandygyna düşünip ýylgyrardylar. Emma, bu jümleleriň aňyrsynda ajy hakykatyň ýatanlygyndan habarly ýoldaşlary weli seslerini çykarman, esli salym gürlemän, nirädir bir ýerlere seredişerdiler.
Haýyt Ýakubow ýoldaşlary bilen Haýyt Ýakubow ýoldaşlary bilen Ortada Haýyt Ýakubow, sagda Kakow Orazsähedow
Haýyt Muhammedowiç Ýakubow 1931-nji ýylyň 27-nji iýunynyda Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň Hojakümbet obasyndan eneden dogulýar. Ýöne, ene-atasyndan gaty ir jyda düşýär. Ýaňy «ýörjen-ýörjen» çaga wagtynda-da «gara gyzamyk» diýilýän kesele uçraýar. Her-nä, obadaşlary oňa hossar çykýarlar. Ýalňyşmaýan bolsam, ony öz çagalarynyň hatarynda ösdürip-ulaldan, ene mährini beren goňşularynyň ady Maral eje bolmaly.
Ýaşy bir çene baransoň Haýyt Muhammedowiç nämedir bir zatlara begenende ýa-da kalbyny nähilidir joşgunly tolgunmalar gurşap alanda çagalygyny, Maral ejäni, obadaşlarynyň hemaýatyny ýatlardy. Soňundanam Biribardan olara rehmet dilärdi. Hernäçe ýoldaş bolsamam, onuň hiç haçan kysmatyndan nalanyna gabat gelmedim.
…Žurnalistika sözüni diňe gazet-žurnallardan eşitse-de, heniz etrabyň çäginden çykyp görmedik oba ýigidi 1950-nji ýylda Daşkendiň döwlet uniwersitetine okuwa girmegi arzuwlap Özbegistana tarap ýola düşýär. Zordan ýol harjyny tapan dalaşgär rus diliniň synagyndan geçip bilmeýär. Ol ýagdaýyny mugallymlara düşündirmäge synanyşýar, ýöne, ýat köp mähelleli şäherde ýalbaranyňa-ýakaranyňa ýol ýokdugyna gözi ýetensoň: «A-how, gadyrdanlar, men bu ýere okamaga, bilmeýänimi öwrenmäge geldim, rus dilini suwara bilýän bolsam öz obamda-da iş tapylýar, ilki alty aý bir synap görüň, kowmaga soňam ýetişersiňiz… » diýip, diňleýänleriň gulagyna «ters», özi üçin weli «dogry» soraglary ýagdyryp başlaýar. Ýa-ha yzyna gaýtmaga «kör köpüginiň» ýokdugyny aňan ýa-da beýle töwekgelçilige ýüz uran ýetginjegiň ornunda özüni göz öňüne getiren jogapkär kätip: «─ Geliň, şu ýigide ynanalyň, bu sözleri onuň dili däl-de, entek öçmedik umydy aýdýar» diýip beýlekilere sala salýar. Gapdalyndakylar belli bir zat diýmänsoň, rektoryň kabulhanasyna baryp bu ýagdaýy gürrüň berýär. Şeýlelikde, Türkmenistandan gelen dalaşgäre entek talyp hökmünde däl-de, «erkin diňleýjiginiň» hatarynda ýarym ýyl okuwa gatnamaga rugsat berilýär. «Erkin diňleýji» diýmek ─ talyphaksyz, öz meýliňe okuwa gatnamak diýmekdi.
Takdyryň bu synagyndanam çykalga tapylýar. Ol ─ ynsanlaryň milletine, dini yktykadyna garamazdan birek-birege mähribanlygynyň, raýdaşlygynyň gudratly güýjüdi. Dünýäniň ähli baýlygyny bir ýere üýşüreňde-de o güýjüň deňine ýetip bilmeýärdi… Staliniň «tutha-tutlygyndan» soň «arkalaryna rahatlygyň ýeli çalan», 1941-1945-nji ýyllaryň nägehan urşunyň, Aşgabat ýer titremesiniň salan ýaralary bitişip ugran adamlar indi parahatlygyň, asuda we bagtýar günleriň garaşýandygyna berk ynanýardylar. Döredijilik intellegensiýasy bu döwri « ottepel-alabahar pasly» diýip atlandyrypdylar.
Haýyt halypanyň agtygy Sülgün babasynyň başyna düşen kynçylyklar hakda şeýle gürrüň berýär: «Babam, ýoldaşlarynyň, mugallymlarynyň, ençeme tanyşu-nätanyş akgöwünli ynsanlaryň özüni ýeke goýmandyklaryna, begenjini-gynanjyny, bir döwüm çöreklerini deň paýlaşandyklaryny kän ýatlardy. Adam ýamanlygy, öýke-kinäni unudyp bilýär, emma, ýagşylygy, hemaýaty weli hiç ýatdan çykarmaýar diýerdi… Togsanynjy ýyllaryň başlarynda ýurdumyzda döwlet diline geçilende men türkmen kynçylyk çekipdim, telim sapar kömek soramaly bolupdym. Şonda ol öý kitaphanamyzda toplan sözlüklerini, gollanmalaryny öňüme atyp: «─ Her gezek bir sözi sorap dil öwrenip bilmersiň. Dilden öňünçä özüňe erk etmegi, erjelligi öwren» diýip maslahat beripdi. Erkiňe buýurmagyň, erjelligiň nämedigini bolsa talyplyk ýyllarynyň mysalynda düşündirerdi. …Umuman, iň agyr pursatlarda-da adamkärçiligini ýitirmeýän, kömege mätäçleriň duşundan sowa geçip bilmeýän ynsanlar hakda kino döretmek babamyň ömrüniň baş maksady bolupdy».
1955-nji ýylda gazet-žurnallaryň edebi işgäriniň diplomyny alan uçurym «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň hronika bölüminiň redaktorlygyna bellenýär. Öňünde ýüreginde besleýän arzuwlaryny amala aşyrmagyna giň ýol açylýar.
Haýyt Ýakubow kinostudiýada işlän ýyllarynda jemi kyrka golaý dokumental filmleri döretdi. «Ogulgeldi», «Garagum-meniň öýüm», «Güneşiň astyndaky duşuşyklar», «Pyragynyň diýarynda», «Dostluk köprüsi» ýaly kinolentalarynda daýhanlaryň, nebitçileriň, gazçylaryň, il-günüň saglygyny goraýan lukmanlaryň, alymlaryň, mugallymlaryň, döredijilik wekilleriniň her günki ýadawsyz zähmetini beýan etdi.
1963-nji ýylda ol meşhur artist, dabarasy daglar aşan «Aýgytly ädim» kartinasyny döreden režissýor Alty Garlyýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda Kinematografiýaçylar Birleşiginiň döredilmeginiň guramaçylyk işlerini alyp barýar. Ol bu ýerde 1965-nji ýyla çenli türkmen kinolarynyň daşary ýurtlara ýaýradylmagy we halkara kinofestiwallaryna, bäsleşiklerine gatnaşmagy ugrуnda elinden gelenni gaýgyrman işleýär.
Täze açylan jemgyýetçilik guramasynyň işi birkemsiz ýola goýlansoň Haýyt halypa ýene-de bir jogapkärli işe ─ Türkmenistanyň Döwlet Kinematografiýa komitetiniň baş redaktorlygyna bellenýär. Halypa nirede, haýsy kärde, näçe işlese-de tabşyrylýan ýumuşlara aňry ýany bilen hötde gelýär. Birleşigiň başlygynyň 1968-nji ýylyň 29-njy sentýabryndaky 184 belgli gol çeken kararynda: «Kino önümçiligini professional we ýokary derejeli milli hünärmenler bilen berkitmek üçin Haýyt Ýakubowy ýene-de «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe geçirmeli» diýlip görkezilipdir.
Ilkinji işe başlan edarasyna gelensoň ussat senetkär hyjuw bilen işe girişýär. Ençeme hronikal-publisistik filmleri we Türkmenistanyň halk artisti Kakow Orazsähedow bilen bilelikde türkmen halk döredijiliginiň esasynda goýlan «Japbaklar» çeper kartinasyny çurata düşürýär. «Japbaklar» ─ 1974-nji ýylda Baku şäherinde geçirilen halkara kinofestiwalynа gatnaşyp, çagalar we ýetginjekler üçin döredilen iň gowy kartina diýlip ykrar edilýär.
Şol ýyl Türkmenistanyň Döwlet telewideniýe we radiogepleşikler baradaky komiteti Haýyt Ýakubowy SSSR-iň hemme respublikalary boýunça taýýarlanýan «Gurultaýdan-gurultaýa» atly seriýalary taýýarlamak üçin «Türkmentelefilm» döredijilik birleşigine işe çagyrýar. Bu kartinanyň: «Yssy diýip at dakmaň meniň ülkäme…» diýen aýdym bilen başlanýandygy berk ýadymda galypdyr. Soňky kadrlarda bolsa: «… Meniň ülkäm Magtymguly saýrak diliň ülkesi» diýen setirler ýaňlanýardy. SSSR-iň ähli respublikalarynyň teleýaýlymlarynda görkezilen bu serialy jemi bir ýüz segsen million tomaşaçy gördi.
Halypa senetgäriň «Türkmentelefilmde» döreden hronikal lentalarynyň aglaba köpüsi ─ film-portretlerdir. Olaryň arasynda: mehanizator Allamyrat Italmazow, dokmaçy Ene Öwezowa, hojalyk ýolbaşçysy Kerim Ahmedýarow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarow, artist, kinorežissýor Alty Garlyýew ýaly ýurdumyzda adybelli ençeme şahsyýetler bar.
Alty Garlyýewe bagyşlanan dokumental lentada onuň kärdeşleri çykyş edýärler. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Aşgabada göçürilip getirilen Aleksandr Dowženko kinostudiýasynyň režissýory, biziň ýurdumyzda surata düşürilen, bütin dünýäde meşhurlyk gazanan «Älemgoşar» çeper kartinasyny döreden Mark Donskoý, azerbaýjan režissýory Aždar Ibragimow, «Mukamyň syry» kartinasynyň edebi beýanynyň awtory Hudaýberdi Durdyýew, kompozitor Nury Halmämmedow, kino hudožnigi Wladimir Artykow dagylar bu tebigy zehiniň özboluşly aýratynlyklaryny gürrüň berýärler.
Haýyt Muhammedowiç Alty Garlyýewi öz mugallymy hasaplaýardy, halypasynyň adyny hemişe ýagşylykda ýatlaýardy. Onuň tutuş maşgalasy: ýanýoldaşy opera aýdymçysy Annagül Annagulyýewa, ogullary: Myrat we Nury hakda iň mähirli sözleri aýdardy.
Haýyt halypanyň aýdyşyna görä Alty Garlyýew Magtymgulynyň şygryýet älemini döredijilik gahrymançylygy hasaplapdyr. Şol sebäplide onuň bu taryhy şahsyýetiň ykbalyny kinonyň diline geçirmekden çetde durup bilmejegi gürrüňsizdir. Olary halkylyk, Hakdan içen zehin birleşdirýärdi.
On sekizinji asyr ─ agzalalykdan, sowatsyzlykdan, basybalyjylaryň çozuşyndan halys ez-bez bolan türkmenleriň öňünde millet hökmünde dargap gitmek howpuny keserdip goýupdy. Döwür ilaty goramagyň, garyplykdan dynmagyň ygtybarly strategiki ýoluny tapmagy talap edýärdi. Ýagny, tire-taýpalar bir döwlete birleşmelidi. Eýsem, zamananyň çygyryşyna kimler seslenýär? Elbetde, paýhasly-sowatly, arly-namysly kişiler.
Alty Garlyýew baryp-ha, ellinji ýyllardan Magtymgulyny dünýä tanatmagyň ugruna çykýar. Emma, göwnüne ýaraýan ssenariý tapmaýar. Ol kinostudiýanyň ýolbaşçylary tarapyndan Moskwaly kinodramaturglar A. Solowýewiň we Wl. Kowalýewiň Aşgabada çagyrylmagyny gazanýar. Gelensoň olara Magtymguly hakda çeper filmiň edebi esasyny ýazmak wezipesi tabşyrylýar. Ýöne weli, moskwaly awtorlaryň ýazan ssenarilerinden çeperçilik geňeşiniň agzalarynyň göwni suw içmeýär. Olar ýörite çagyrylyp getirilensoň, üstesine-de galamhakynyň ýarpy bahasy tölenensoň her kim olary gös-göni tankytlap başlamaga çekinýärler.
Kinostudiýanyň baş redaktory Guseýin Muhtarow kärdeşleriniň ýüzlerine birlaý seredýär, çetde bu ýagdaýa üns bermän dymyp oturan Berdi Kerbabaýewden pikirini aýtmagyny soraýar. Ömründe bular ýaly çykgynsyz wakalaryň galabasyny gören Berdi aga gürrüňini aýlap-dolap ahyry gadymy rowaýatyň üstünden eltýär. Onuň gysgaça mazmuny şeýleräk. … Öň bir garyp ýekeje düýesi bilen suw çekip gün-güzeranyny aýlapdyr. Günleriň birinde obanyň baýy ony toýuna çagyrypdyr we hyzmatyndan hoşal bolup, hakynyň üstüne bir eşegi hem sowgat beripdir. Muňa begenen garyp eşege münüp, yzyna-da düýesini tirkäp öýüne gaýdypdyr. Wagty gelip, halys egbarlan düýe janaweriň çöken ýerinden turmaga rowgaty galmandyr. Ýagdaýy aňan garyp onuň bilen razylaşmagyň kararyna gelipdir. Şunça ýyllaryň dowamynda öýke-kinesi galan bolsa, düýesinden özüni bagyşlmagy haýyş edýär. Eýesine wepaly mal ilki kän sypaýylyk edipdir. Emma, hernäçe çydajak bolsa-da, bolmandyr, baýyň toýundan gaýdanlarynda eşegiň guýrugyna çatylanlygyny ýatlapdyr. Garyp diňe şo pursatda, «maly öýkelär, eýesi bilmez» diýlen nakylyň manysyna düşünip galypdyr…
Bu kinaýaly tymsaly diňläp, Alty Garlyýew ýerinden laňňa galaga-da: ─ Wah, ýaşulyjan, seniň mähekdaşy ýaly akylyňdan aýlanaýyn! Meseläni beýdip çözseňem boljak eke-nä… ─ diýip, Berdi Kerbabaýewe minnetdarlyk bildiripdir.
Ömrüniň soňky ýyllarynda Türkmenistanyň Döwlet arhiwinde işlän ýazyjy we terjimeçi Şadurdy Çaryýew «Garagum» žurnalynda çap edilen makalasynda Alty Garlyýewiň hemişe ýanyndan aýyrmadyk kitaplarynyň sanawyny mysal getirýär. Olaryň arasynda Berdi Kerbabaýewiň ýolbaşçylygynda 1926-njy ýylda çap edilen, Mäti Kösäýew bilen Baýmuhammet Garryýew ikisiniň 1959-njy ýylda, 1960-njy ýylda Baku şäherinde arap elipbiýinde neşir edilen goşgularynyň ýygyndylary we «Dünýä halklarynyň pähim-paýhaslary» («Пословицы и поговoрки народов мира») we beýleki eserler bar.
2022-nji ýylyň tomsunda Alty Garlyýewiň öýüne baramda onuň iş stolunyň üstünde şol öňki ýerinde aklanyp galan kitaplaryny özümem gördüm. Olaryň sahypalarynyň arasy dürli-dürli reňkli kagyzlar bilen doldurylypdyr. Käbir kitaplaryň gyrasyndaky boş ýerlere arap grafikasynda edil keşde çekilen dek bellikler ýazylypdyr. … Mäti Kösäýewiň ýukajyk daşly kitapçasyndaky «Näme sen» şygrynyň yzyna gelejekki göz öňüne getirýän filmi üçin: «Meňli: ─ «Bilmedim» diýip, iki elini ýüzüne tutýar» diýen jümläni goşupdyr.
Ýaňy açylan Kinoçylar birleşiginde işlänsoňlar halypa-şägirt ikisi häli-şindi Magtymguly hakdaky filmiň edebi beýanatynyň kompozisiýasynyň nähili düzülmelidigi hakda pikir alşypdyrlar. Alty Garlyýewiň owalybaşky käri artistlik bolansoň, arakesmede iş otagynyň içinden gulplap, käbir epizodlara gatnaşýan gahrymanlaryň rollaryny oýnap görkezipdir. Arasynda-da:
─Ýaz, Aýytjan ýaz, ýogsa ýadyňdan çykararsyň! ─ diýip, tabşyrar ekeni. (Ol Haýyt Muhammedowiçiň adyny hemişe ─ Aýytjan diýip tutupdyr). Emydama: ─ Seniň bizden artyk ýeriň rusça ýazýaň, şondan peýdalan! …Ahyrynda özümiz Magtymguly hakda kino etmesek, daşyndan gelip etjek ýokdur ─ diýip, oňa ssneriý ýazmagy sargapdyr.
Şeýlelikde, milli edebiýatymyzyň düýbüni tutan pähimdaryň kinodaky obryzyny döretmek meýli Haýyt Muhammedowiçi öz erkine goýmandyr. Haçanda Alty Garlyýew Magtymgulynyň öňde-soňda ähli türkmenleriň kalbynyň Lukman hekimi bolandygyny oňa ymykly ynandyransoň eline galam-kagyzyny alypdyr.
Emma, şahyra degişli taryhy maglumatlaryň ýeterlik däldigi ssenariý ýazmakda barybir uly kynçylyklary döredýär. Awtor diňe onuň eserlerindäki atlary tutulýan şahsyýetleri, seneleri, wakalary edil «dürüň dänesi» dek jikme-jik ulanmaly bolýar.
Biziň pikirimizçe awtor kartinanyň dramaturgiýasyny düzýän wakalaryň, gapma-garşylyklaryň başlanyşygynyň, ösüşiniň we kulminasiýasynyň yzygiderliligini saklamak üçin şahyryň baý şygryýet mirasyny üç şaha bölüpdir:
Birinjisine: Magtymgulynyň kakasy Azadynyň, agalary Abdyllanyň, Mämmetsapanyň, «gökleň pälwany» Çowdur hanyň we beýlekileriň döwlet gurmak hakdaky ideýalaryny halka ýaýýan eserleri giripdir. Ikinjisinde: şahyryň öz halkyny içki we daşky kynçylyklary ýeňip geçmäge çagyryşy esasy orna geçýär. Gysgaça düşündirlende Magtymguly ilaty «gaflat ukusyndan oýanmaga» çagyrýan jarçy hökmünde orta çykýar. Üçünjisinde bolsa, özbaşdak ýaşamak üçin taryhy geosyýasy we geoykdysady şertleriň talabyna göz ýetiren Magtymguly bu wezipeler barada çuňňur filosofiki oý-pikirlere batýarr. …Pikir derýasyna çümen akyl gämisini ondan çykarmagyň ýollaryny gözleýär.
Režissýoryň bu kartinanda baş rollarda çykyş edýän artistleri saýlap-seçişiniň örän şowuna düşenligini aýratyn bellemek gerek. Alty Garlyýew Magtymgulynyň roluny ýerine ýetirmegi ─ Hommat Müllüge, Durdy şahyry ─ Gylyç Berdiýew, uýasy Zübeýdany ─ Iwla Kakabaýewa, ýeňňesi Akgyzy ─ G. Kulyýewa, Meňlini ─ Güljan Döwletmyradowa, Çowdur hanyň kakasyny ─ Muhammet Çerkezowa, Çowdur hanyň wepaly aýaly Hallyny ─ Liza Garayewa ( Magtymgulynyň goşgusynda onuň ady Annahal diýlip tutulýar), Çerkez hany ─ Söýün Amangeldiýewe, Berkeli hany ─ Galpak Herräýewe, Allababerdi hany ─ Nazar Bekmiýewe, Alyny ─ Aman Gurbandurdyýewe, Nazar agany ─ Durdy Saparowa, Öwezi ─ Ata Alawowa, Jumany – Ata Döwletowa, Gulamalyny ─ Baýram Sadykowa, Kadyr Serdary – Gulluk Hojaýewe, Ýolbarsy ─ öz ogly Nury Garlyýewe ynanypdyr. A. Karpuhiniň surata düşürmekda toplan baý estetiki tejribesi, N. Halmämmedowyň halk mukamlarynа we häzirki zaman äheňlerine ýugrulan sazlary režissýoryň göwün islegine tüýs laýyk gelýär.
Beýik şahyra bagyşlanan çeper kartina 1968-nji ýylyň güýzünde ekranlara ýaýratmaga doly taýyn bolýar. Şol döwürlerde «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata alnan her bir täze filmi ilki respublikanyň partiýa we hökümet ýolbaşçylarynyň makullamagyna hödürlemek düzgüne girizilipdir. TKP-nyň MK-niň sekretarlary Balyş Öwezow bilen Waleriý Rykow ikisi filmiň görkezilişine gijä galyp gelýärler. Kartinanyň ses režissýory Sapar Mollanyýazowyň ýatlamasyna görä, garaşyp oturanlar olar gelýänçä Mäti Kösäýew bilen Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Başlygy Annamuhem Gylyjowyň Magtymgulynyň goşgularyny aýdyşyk görnüşde ýatdan okaýyşlaryny diňläpdirler. Partiýa ýolbaşçylary gelip filmi görensoňlar dessine Waleriý Rykow gyssanmaçdygyny bahanalap beýlekilere garaşman öz pikirini aýdyp ugraýar. Onuň çykyşy esasan kartinanyň deýa-mazmunyna gönükdirilýär. Şol barmana-da kartinada türkmen halkynyň durmuşynyň taryhy nazarýetden nätakyk suratlandyrylanlygyny tankytlaýar. Alty Garlyýew onuň öz belliklerini anyk we takyk delillendirmegini soraýar. Henize çenli garşysyna bir agyz söz aýdylmadyk partiýa emeldarynyň muňa girre gahary gelýär. Ol jemgyýeti bir maksada guramaçylykly ugrukdarmagyň ýerine halkyň Gurbanlyk baýramyny, tireleriň aýdym-sazlarynyň, bagşy- sazandalarynyň bäsleşigine köp üns berlendigini mysal getirýär. Bu milli ýörelgeleri gysgaltmagy, onuň ýerine syýasy ähmiýetli täze parçalary girizmegi talap edýär. Alty Garlyýew hernäçe sowukganlylygy saklajak bolsa-da, iň soňunda gaharyna bäs gelip bilmän onuň ýüzüne: ─ Siz maňa başga näme öwretseňizem, türkmen halkynyň durmuşyny nähili görkezmelidigini öwredip bilmersiňiz –diýýär. Bu janyýangynly sözlerden soň täze eseri ara alyp maslahatlaşmak «gap bilinden döwülýär». Kinostudiýanyň ýolbaşçylary eýýäm taýyn kartinanyň birnäçe parçalarynyň aýrylmagygyna razylaşýar.
«Magtymgulyda» şahyryň uýasy Zübeýdanyň söýgülisi Öweziň roluny ýerine ýetiren Türkmenistanyň Halk artisti Ata Alawow şygyrlarda ady agzalýan Soňudagyň etegindäki gadymy gonamçylygyň golaýynda alnan köpçülik sahnasynyň başbitin kesilendigini gynanyp gürrüň bererdi.
Tiz wagtdan filmiň kabul edilişigindäki dawaly waka Moskwa, SSSR Döwlet kino komitetiniň başlygy Alekseý Romanowa ýetýär. Ol Alty Garlyýewe jaň edip, hernä bolsa-da ony ýerli ýolbaşçylar bilen razylaşmaga çagyrýar. Eger-de kartinany tutuş täzeden almaly bolaýsa-da, «Aýgytly ädimiň» getiren girdejisiniň hasabyna islendigiçe pul kömegini berjekdigini ynandyrýar.
1981-nji ýylda Türkmentelefilmde Haýyt halypanyň 50 ýaş toýunyň bellenmeginiň öň ýanlarynda men ondan ömrüni döredijilige bagyşlan adamlaryň näwagt özlerini bagtly saýýandyklaryny soradym. Ol biraz böwrüni diňläp, şeýle diýdi:
─ Döredijiniň özünden razy bolmagy üçin bir wagtda üç şertiň gabat gelmegi hökman. Birinjiden-ä, ol ýaşaýan jemgyýetiniň islegini we talabyny bilmeli, ikinjidenem halk onuň eserlerine düşünmeli. Iň soňkusy bolsa öýi hem-de maşgalasy döredijiniň sarsmaz galasyna öwrülmeli. Onuň aýdan üç şertiniň Haýyt halypanyň ykbalyna miýesser gelendigine özüm-ä ynanýan. Onuň döreden kinolaryny biz häli-şindi telewizor ýa-da internet arkaly görýäris. Türkmenistanyň medeniýetini ösdürmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp Haýyt Ýakubowa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly at dakyldy we medallar, Hormat hatlary gowşuryldy. Aýaly Lýubow Andriýanowna ömürüoýy adamsy bilen kinostudiýada egin-egne berip işledi. Gyzy Tatýana we giýewisi nebitçi inžener Çary hiç mahalda oňa öýüň tükeniksiz ownuk-uşak aladalaryny ýetirmediler. Agtygy Sülgün bolsa halypadan miras galan şahsy arhiwini, baý kitaphanasyny edil özüniň diriligindäki ýaly aýawly saklaýar.
Sözsoňy. «Buşluk haky».
…Haýyt halypa oglanlygyndan oba kitaphanasyna gelýän gazet-žurnallary okamagy, o ýerdäki obadaşlarynyň «Gara kelle» diýip at beren radiosyny diňlemegi gowy görüpdir. Şonuň üçin hem 1945-nji ýylyň dokuzynjy maýynda Ýuriý Lewitanyň radioda okan resmi habaryny ilkinjileriň hatarynda eşidýär. Şol ýerdenem Maral ejäniň öýüne tarap ylgaýar. Demi-demine ýetmän gelişine-de oňa gaýgy-hasratly urşuň gutarandygyny buşlaýar. Maral eje:
─ Wah seniň uruş ýatdy diýen diliňe döneýin Haýytjan! …Dur bakaly, seniň eliňi boş goýmaýyn ─ diýip, gapböwürdäki agaçdan ýasalan şkafyny açyp onuň içini dörüşdirip ugraýar. Gyzyl mataly düwünçegini çykarýar. Onuň hem içinden ýene-de daşy dolanan gyzyl ýaglyjagy açýar. Ýaglygyň epinleriniň arasynda biri-birine ýelmeşip giden iki sany kempudy alyp oňa uzadýar-da:.
─ Näçe wagt bäri ýüregim bir gowy habary syzýadyla, al oglum saňa nesip etdi ─ diýýär. Nijeme gaýgy-hasratlara dözen enäniň begenjine gözlerinde ýaş görünýär.
Haýyt Muhammedowiç:
─ Köp şäherleri gezip, ýüz dürli süýji nygmatlary iýsemem Maral ejäniň «buşluk hakyndaky» ýaly lezzetli kemputlara hiç gabat gelmedim ─diýip, soň-soňlaram ýatlapdyr.
Aman Goşa
Teswirler