Hindistanyň ilçisi Türkmen-Hindi okuw-önümçilik merkezine bardy

Ýaňy ýakynda Hindistanyň ilçisi 2002-nji ýylda Aşgabatdaky Türkmen Döwlet binägärlik we gurluşyk institutynda Hindistan tarapyndan döredilen Türkmen-Hindi okuw-önümçilik merkezine baryp gördi.

Ilçi Türkmen Döwlet binägärlik we gurluşyk institutynyň prorektory Meýlis Babaýew bilen tehniki bilim we senagat pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdy. Şeýle hem institutyň çäginde LIFE missiýasyny we Hindistanyň ýaşyl planeta döretmeklige ygrarlydygyny güýçlendirýän nahallary oturtdylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok