- Çaý ajöze içilende, aşgazana we öthalta zelel ýetirip bilýär.
- Aşa gyzgyn çaý bogazy, gyzylödegi, aşgazany güýçli gyjyndyrýar. Onuň gyzgynlygy 62 gradusdan geçse, dürli aşgazan kesellerini döretmegi mümkin.
- Sowuk çaý ötüşen dertleri gozgaýar, gakylyk toplanmagyna getirýär.
- Hetdenaşa ajy çaýyň düzüminde kofein we tanin köp bolýar. Ol kellagyrynyň döremegine we ukusyzlyga sebäp bolup biler.
- Çaý demlenenden soň uzak wagtlap saklanylsa, onuň ýokumlylygy peselýär, şol sanda C we P witaminleri ýitýär.
- Çaý birnäçe gezek şemmesine demlenende, onuň düzümindäki peýdaly maddalar azalýar. Birinji demlenende, olaryň 50 göterimi bar bolsa, ikinjide — 30, üçünjide — 10 göterimi galýar. Şondan soňkulary özünde diňe ýaramaz galyndylary jemleýär we olar adam saglygyna zeper ýetirýär.
- Çaýy nahar iýlen dessine içmek zyýanlydyr. Ol aşgazan şiresiniň düzümine täsir edýär we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kynlaşdyrýar.
- Dermanlary çaý bilen içmegem maslahat berlenok. Onuň düzümindäki serişdeler tanin emele getirýär we çökündi döredýär.
- Köp duran çaýy içmezlik gowusydyr. Ol dürli bakteriýalar üçin halanýan iýmitdir. Emma bir gije-gündiz saklanylan çaýy käbir halatlarda çalynýan dermanlyk serişde hökmünde ulanyp bolar. Dişleriň sowuklamasynda, olaryň düýbi gananda, agyz boşlugynda ýara emele gelende, göz çylpyklanda çaý bilen ýuwulsa, nepi gowy. Sowan çaý iriňli ýaralaryň çalt bitmegine hem kömek edýär.
Jemile AMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.
Teswirler