Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýaş suratkeşlere çeper eserlerinde milli gymmatlyklarymyzy wasp etmäge giň şertler döredilýär.
Türkmenistanda müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýan, wepalylygyň, edermenligiň, batyrlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek hem-de türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen döwlet derejesinde sergiler, döredijilik bäsleşikler gurnalýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşigine hödürlenen işleriň sergisi açyldy.
Öwezowa Şähribossan. Buýsanjym. Osmanow Serdar Wepadar dost Nurýagdyýew Mekan. Türkmen sährasy. Myradowa Güljemal. Türkmen alabaýy. Işangulyýewa Käbegül. Türkmen alabaýy. Guwanowa Altynaý Alabaý Gurbanow Jumamyrat Türkmen alabaýy Garryýew Ýalkap. Şemally gün. Durdyýew Kerem. Miras. Artykowa Bägül. Türkmeniň guwanjy, asyrlaryň buýsanjy. Annadurdyýew Begenç. Ilimiň buýsanjy, öýümiň goragy.
Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa we ýaş mugallymlary, zehinli talyp ýaşlary öz döreden eserleri bilen gatnaşýarlar. Biziň sungat ussatlarymyz hem-de zehinli talyplarymyz edermenlik, gaýduwsyzlyk, çydamlylyk, eýesine wepalylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bolan türkmen alabaýy nakgaşlykda, grafikada, heýkeltaraşlykda, halyçylyk, zergärçilik we keramika eserlerinde waspyny ýetirýärler. Sergidäki nakgaşlyk eserleri türkmen alabaýy wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydygyny beýan edýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Polat Garryýew, Zakirjan Babaýew, Mekan Nurýagdyýew, Ýalkap Garryýew, talyp ýaşlar Jumamyrat Gurbanow, Serdar Osmanow, Baýly Aýnazarow, Çynar Çaryýewa, Käbegül Işangulyýewa, Bägül Artykowa, Laçyn Muhtarowa we beýlekiler gatnaşdylar.
Ýokary okuw mekdebimiziň ýaş mugallymy Ýalkap Garryýew modernistik akymlarynyň çeper diliniň esasynda çekilen “Şemally gün” atly nakgaşlyk eserinde gyzyl, gögümtil-ýaşyl, mele reňkleriň dürli öwüşginleriň ýitiligini peýdalanyp, olaryň tomaşyça ýetirýän täsirini güýçlendirýär. Bu eser türkmen obasyndaky durmuşyny ýatladýar. Gadymy döwürlerden bäri alabaýa maşgalanyň bir agzasy ýaly garalyp, itler goýun itleri, sakçy itler hem-de aw itleri ýaly aýry-aýry ugurlarda taýýarlanypdyr. Suratkeşiň eserindäki birinji meýilnamasynda suw içip duran düýeleri sakçy bolup, olary howpdan goraýan ýaly türkmen alabaýynyň edermen keşbi şekillendirilen. Düýeleriň üstündäki ýiti reňkli haly asmalyklar hem ýiti reňk çözgüdi bilen tapawutlanyp, eserde milli öwüşginleriň ýüze çykmagyna ýardam edýär. Alabaý – çopana iň ýakyn kömekçidigini suratlandyrýan Jumamyrat Gurbanowyň “Türkmen alabaýy”, Serdar Osmanowyň “Wepadar dost” ýaly nakgaşlyk eserlerinde realizm akymynyň esasynda türkmen halkynyň gündeki durmuşyndan alnan pursatlaryny hakykylyk bilen beýan edýär.
Baýly Aýnazarowyň, Çynar Çaryýewanyň, Bägül Artykowanyň işlerinde türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözelligini gadymy we häzirki zaman milli binagärligimiziň nusgalary, Köpetdag etekleriniň ajaýyp peýzažy, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ak mermerli binalary bilen bütewi sazlaşykda ýerine ýetiripdirler. Laçyn Muhtarowanyň “Bäsleşik” atly eserinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halka bäsleşigine bagyşlanyp döredilipdir. Bu eserde edermen türkmen alabaýynyň öňündäki päsgelçilikleri geçip barýan pursady, ýagny merduwandan ýöräp ýokary münüp, aşak düşmek boýunça başarnyklary görkezilýär.
Türkmen alabaýynyň daşky keşbini şöhlelendirýän nakgaşlyk eserleri halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itleri dünýä ýaýyp, türkmen suratkeşliginiň döredijiliginde uly orun tutýandygyny alamatlandyrýar.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy,
Annagül Bagtyýarowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň sungaty öwreniş
kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler