Pähim-paýhasyň waspçysy

Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we soňraky ösüşine esas bolan belent duýgulara baý goşgulary döreden şahyrdyr. Türkmen şygryýeti hem edil Gündogar şygryýeti ýaly özboluşly şygryýetdir. Şahyr gadymy döwürlerden bäri dowam edýän şygryýeti täze öwüşginler bilen baýlaşdyrypdyr. Onuň şahyrana gahrymany şygryýetiň şol asylly däplerini ýoýman, ony has-da berkidip, özüniň belent duýgulara baýlygy bilen has-da ösdürýär.

Şahyryň gahrymany öz şahsy durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Ol dünýäniň gurluşyna, adamyň jemgyýetdäki tutýan ornuna, halkyň agzybirligine, maşgala mukaddesligine bolan garaýyşlaryny täsirli suratlandyrýar.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi dury çeşmäniň näzik tolkunlarynyň suwuň ýüzünde döredýän şekilleri ýaly şahyrana keşplere baýdyr. Onuň goşgulary okyjylara many-mazmun, göz öňüne getirme we çeper aňlatmalar arkaly täsir edýär. Magtymguly Pyragy hakyky beýik söz ussady bolup, şahyrana kämilligiň köp derejelerine özüniň içki duýgurlygyna boýun bolup ýetýär. Şeýle kämillige ýakynlaşmak, sözüň doly manysynda gudratdyr. Magtymguly Pyragy dilden-dile geçip gelýän halk döredijiliginden ruhlanan hakyky halk şahyrydyr. Şahyryň döredijiliginiň halk bilen hemişe berk baglanyşykda bolandygyny onuň goşgularynyň halk arasynda giňden ýaýrandygy bilen düşündirmek bolar. Çünki ol halkyň ýürek owazyny goşgy setirleri arkaly ýene halka ýetirýär. Şonuň üçinem türkmen bagşy-sazandalary şahyryň goşgularyny aýdym edip aýdýarlar.

Magtymgulynyň özüniň nusgalyk häsiýetine eýedigi onuň goşgularynyň dilden düşürilmän gelmeginiň iň esasy şertidir. Şonuň üçin hem  halkyň şeýle derejede jebis bolmagy üçin akyldar şahyryň mertlik bilen namartlygyň, haýyr bilen şeriň, ýagşy bilen ýamanyň arasyny açyp berýän paýhasly setirlerden bina edilen şygryýet atly sarsmaz galasynyň ähmiýeti örän uludyr.

Gunça TOÝLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok