Türkmen-German dostlukly gatnaşygynyň 30 ýyllygy

Şu gün Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäherimizde gurnalan, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti geçirildi.

Döredijilik konsertiniň geçirilen ýeri — Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gelenleriň sanynyň juda köp bolmagy aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, ýaşlar, belli nemes kompozitorlarynyň nusgawy sazynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Konsertiň birinji bölüminde Lýudwig Wan Bethowenyň skripka, wiolonçel we fortepiano üçin Üçli konserti diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi. Bu konsert Aşgabatda ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Solistler Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow (fortepiano), Türkmenistanyň Prezidentiniň «Altyn Asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Bahram Dolyýew (skripka) we Kakageldi Hojalekow (wiolonçel).

Konsertiň ikinji bölüminde nemes kompozitorlary – Iogannes Bramsyň saz eserleri, Rihard Wagneryň «Риенци» operasynyň uwertýurasy, şeýle hem Ýusup Öwezowyň ýerine ýetirmeginde Karl Weberniň «Klarnet üçin Konsertino» atly eserleri ýaňlandy.

Sazandalar beýik ussatlaryň öz eserlerine siňdiren inçe duýgularyny diňleýjilere ezberlik bilen ýetirdiler. Yzygiderli ýaňlanan dürli görnüşdäki sazlar, ýatdan çykmajak baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Şowhunly el çarpyşmalar öz ussatlygyny görkezip, tomaşaçylara nusgawy german saz sungaty bilen ajaýyp duşuşygy peşgeş beren zehinli artistlere berlen mynasyp baha boldy.

           Aýlar ANNAMYRADOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Kirişli saz gurallar kafedrasynyň
V ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok