Arassa tebigat-röwşen geljege kepil

Tebigat biziň mähriban, ýyly, öz gujagyna ähli adamzady jemleýän ýeketäk öýümizdir. Tebigaty goramak, ony aýawly saklamak bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr. Daşky gurşawy goramak hakyndaky meseleler bütin dünýäniň gün tertibinde hem ileri tutulýar, sebäbi ol swilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 

Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda bu ugurda ýokary derejede maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Türkmenistan öz tarapyndan BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda biologik köpdürlilik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky, şol sanda Hazar deňziniň gurşawyny goramak ýaly meselelere aýratyn ähmiýet berýar. Şolaryň hatarynda BMG-nyň Suw strategiýasy hem-de BMG-nyň Aral deňziniň meselesi boýunça alnyp barylýan işler aýratyn ugra öwrülendir.

Ýurdumyz agzalan meseleleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler ädýär. Ilkinji nobatda bolsa bu ulgamy  kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýady döredilen. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi baradaky düzgünleriň berkidilmegi onuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem  häzirki wagtda Aralýaka sebitiniň daşky gurşawyny sagdynlaşdyrmak, suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmak, ekologiýany arassa saklamak, durmuş-ykdysady gurallaryň daşky gurşawa ýaramaz täsir etmekliginiň öňüni almak, ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak, daşky gurşawy goramaga we senagat toplumynda kärhanalaryň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Gurulýan senagat desgalar, önümçilik işlerini alyp barýan zawoddyr fabrikleriň daşky gurşawa zyýansyzlygy üçin dürli çäreler amala aşyrylýar. Mundan başga-da giň gerimli bag ekmek işi hem şu maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Bu işleri geçirmegiň netijesinde gök zolaklarynyň köpelmegine, täze seýilgäh zolaklarynyň döremegine, daşymyzy gurşap alýan ýerleriň arassa we gözel görnüşe eýe bolmagyna, saglyga oňyn täsir edýän jana şypaly howa ýagdaýynyň döremegine getirýär.

Tebigaty gözüniň göreji ýaly eý görýän türkmen halkymyz daşky gurşawy goramakda nusgalyk göreldedir. Bu günki günde daşky gurşawymyzy goramak, tebigaty aýawly saklamak, ekologiýamyzyň arassa bolmagyny gazanmak, agaç otyrtmak we gök-ýaşyl zolaklaryň köplügini gazanmak babatda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işler geljegimiziň röwşen bolmagyna kepildir.

.

Oguljennet Çaryýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň Ýakyn
gündogar dilleri kafedrasynyň hindi dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok