Bulutlaryň täze görünşi “Asperatus”

“Asperatus” latynçadan terjime edilende “Göni däl” ýa-da “Tekiz däl” diýmekligi aňladýar. Soňky gezek bulutlaryň täze görnüşi 1951-nji ýylda BMG-niň Dünýä Meteorologiýa Guramasy tarapyndan tapyldy. Ýöne indi “Asperatus” bulutlary bu statistikany täzelemegi mümkin. Bulutlary Anyklaýyş Jemgyýetine dünýäniň dürli ýerlerinden bu näbelli bulutlaryň suratlary gelenden soňra, olar bu buluda “Asperatus” adyny berdiler. Bu bulutlaryň gurluşy entek doly belli däl. Käbir alymlaryň pikirine görä bu bulutlaryň gurluşy adaty bulutlaryň gurluşy ýalydyr, ýöne birnäçe aýratynlyklary bardyr. “Asperatus” bulutlary adaty bulutlardaky buz kristallar aşak çökende bugarmak üçin gaty uly bolup, bugaryp bilmedik ýagdaýynda ýüze çykýar. Şemal bolsa bu bulutlara dürli şekilleri berýär. Eger buludyň bu görnüşi hasaba alynsa, onda ol Halkara Bulutlar Atlasyna goşular. Bu Atlas iň soňky gezek 1975-nji ýylda täzelenipdi.

Bulutlaryň içindäki suw damjalarynyň agramyny göz öňünde tutup, bulutlaryň ortaça agramy takmynan 500 tonna diýip aýdyp bileris. Bulutlar – bu howada gaýyp duran suw damjajyklar we buz kristaljyklardyr. 1 km3 göwrümdäki adaty buludyň her 1 m3 -da ortaça 0,5 gram suw bardyr. Hasaplamalary geçirsek, buludyň ortaça agramy 500 tonna golaý bolar. Ýöne buludyň agramy onuň göwrümine baglydyr. Agramyna garamazdan, bulutlar asmanda uçýandyr. Sebäbi howanyň dykyzlygy bulutlaryň dykyzlygyndan uludyr.

Pulat DOSMETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok