“Halkara Bitaraplyk güni” baradaky çözgüdiniň kabul edilmegine 5 ýyl boldy

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu ýyl bu çözgüdiň kabul edilmegine 5 ýyl boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün halkara giňişliginde parahatçylykly başlangyçlary öňe sürýän sebitde we bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýan ýurda öwrüldi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda Bitarap ýurdumyz daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen halkara giňişliginde sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy we ykdysady gatnaşyklary alyp barmakda tagallalary birleşdirmek babatdaky garaýyşlary öňe sürmekde giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasy gatnaşyklarda öňe sürýän esasy ugrunyň ,,Açyk gapylar” syýasaty bolmagy dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ähli ugurlary berjaý etmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýnyň ýokarydygyny görkezýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde bolsa, dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy. Şol mejlisde biziň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak we berkitmek, energetika ulgamynda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, ynsanperwerlik meseleleri we adam hukuklary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly esasy ugurlaryň 5-sinde netijeli halkara gatnaşyklaryny has-da giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Mälim boluşy ýaly, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka ýurdumyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjin etmäge uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şonuň ýaly-da, şeýle ýokary derejedäki çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň hemişelik bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun tutýanlygyny görkezdi.

Parahatçylyk Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň binýatlaýyn ýörelgesi bolup durýar. Sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2011-nji ýylda bolup geçen 66-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyz beýik münberde eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýip kesgitledi. Munuň özi düýp manysy babatdan ykrar edilen, görnüşi boýunça hemişelik, mazmuny babatda oňyn, pozitiw häsiýetli türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyna doly laýyk gelýär hem onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Bitarap ýurdumyz häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda halkara konwensiýalarynyň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 150-den gowragyna gatnaşýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara forumlarda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň Garaşsyz ýurdumyza bolan ynamyny barha ýokarlandyrýar.

Munuň şeýledigini soňky döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alty gezek – 2003-nji ýylda 58-nji, 2007-nji ýylda 62-nji, 2009-njy ýylda 64-nji, 2013-nji ýylda 68-nji, 2016-njy ýylda 71-nji we 2020-nji ýylda 75-nji mejlislerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna, bu guramanyň dürli komissiýalaryna saýlanmagy ýurdumyzyň dünýä syýasy giňişligindäki uly abraýyna we dünýä jemgyýetçiliginiň uly ynamyna eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy
HOŞGELDI TAHYROW

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok