Bitaraplyk we onuň ähmiýeti

Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär.

Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygyny 26 ýyllygy Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir, onuň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tapgyrydyr.

Bitaraplyk derejesi ýurdumyza Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň şygary Durnukly Ösüş maksatlary bilen baglylykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň Konsepsiýasyny beýan edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi häzirki zaman şertlerde Bitaraplygyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biragyzdan kabul edilen Kararnamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýä derejesinde halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň wajypdygy, ýurtlaryň arasynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň eýeleýän orny bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany biragyzdan kabul edendigini bellemek gerek.

Şu gezekki dabarada bellenilişi ýaly, amala aşyrýan daşary syýasat ugry hem-de milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleri ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň bähbidine ähli ýurtlar we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Muňa, şol sanda, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän abraýly düzümler, ozaly bilen, BMG-nyň düzümleri bilen bilelikde guralýan iri forumlar hem-de duşuşyklar mysal bolup biler, bu düzümler bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin strategik we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir.

Bu barada 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda hem gürrüň edildi. Bu forum ýurdumyzda we daşary döwletlerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen giň gerimli çäreleriň başyny başlady.

Medeniýet ministrliginiň hem-de medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, döredijilik işgärleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Mukamlar köşgünde geçirilen şu günki dabara munuň dowamyna öwrüldi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 2020-nji ýylyň şygary ynsanperwer ýörelgeler bilen üznüksiz bagly bolup, olar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Milli Liderimiz adamzat ösüşiniň ählumumy ösen meýillerine doly derejede kybap gelýän dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň özboluşly görnüşini işläp düzdi. Çünki Bitaraplyk ylalaşdyryjylyk diplomatiýasynyň, deňhukukly halkara gatnaşyklarynyň hem-de döwletiň okgunly ösüşiniň özeni, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.

Ýygnananlar milli bähbitleriň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de ösüşiň özara baglylygyna esaslanan Türkmenistanyň döwlet bitaraplygynyň ýörelgelerine ýokary baha berip, Diýarymyzyň saýlap alan daşary syýasy ugrunyň türkmen halkynyň özboluşlylygyna, taryhy we medeni däplerine, ýurdumyzyň geostrategik ýagdaýy we serişdeler kuwwaty bilen şertlendirilen umumy ýagdaýlara sazlaşykly kybap gelýändigini aýratyn nygtadylar.

.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binägarlik-gurluşyk institutynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji yaşlar guramasynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok