1946-njy ýylda amerikalylaryň Bell Laboratories kompaniýasyna öyjükli aragatnaşyk hyzmatyny ýola goýmak mümkinçiligi mälim bolýar. Ýöne bu ugurdaky düýpli işleriň başyna 1960-njy ýyllarda barylýar.
Ilkinji el telefony 1973-nji yylyň 3-nji aprelinde peýda bolýar. Onda ilkinji gezek jaň eden adam Martin Kuperdir. Ýöne oýlanyp tapylan bu telefonyň gabarasy uludy. Boýy-da ep-eslije bardy.
Şonuň üçin “Motorola” firmasy söwda bazarynda esasy orny eýelemegi maksat edinip, bu telefonyň üstünde ýene-de işlemek we enjamy kämilleşdirmtk kararyna gelýar. Şeýdibem, 10 ýyldan soňra bu telefonyň üstünde işlenen nusgasy ilata hödürlenilýär. Agramy 800 gram bolan bu enjamyň bahasy şol wagtlar hemmeler üçin elýeterli däldi (3500 dollar).
Oýlap tapyşlaryň üstünden 37 ýyl geçenden soň, bu el telefonlary köpçüligiň arasynda giň meşhurlyga eýe bolup ugraýar we hemme ýerde islenilýän haryda öwrülyär, sebäbi, elýeierli bahadan öndürilmegi ilkinji el telefonlarynyň «arzysyny» has-da artdyryp ugraýar.
Mämmedowa Aýna
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Teswirler