Baky bagtym – Garaşsyzlyk

Ata ýurdumyz özüniň asyrlar boýy garaşan Garaşsyzlygyny alanyndan soň, bary-ýogy 30 ýylyň dowamynda uly özgerişleri başdan geçirdi. Ol ösüşdir-özgerişler häzirki wagtda bir makalada bir adamyň beýan ederinden diýseň köp, onda-da esasy belläp geçilmeli zatlar:

Türkmenistanyň syýasy we ykdysady taýdan bütin dünýä tanalmagy, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna ençeme gezek girizilmegi, ýurdumyzda iri göwrümli sport ýaryşlarynyň we ykdysady forumlaryň geçirilmegi we ýene ş.m. üstünlikleri mysal getirmek mümkindir. 

Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bize watansöýijilikde, ynsanperwerlikde, milli medeniýete hormat goýmakda, sagdyn bolmakda, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmakda we başga-da dürli ugurlarda görelde mekdebi bolup durýar. Şu aýyň başynda bolsa, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren okuw maslahatyna gatnaşmak bagty bize-de miýesser etdi. Şol maslahatda hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljeginiň ýaşlaryň elindedigini we şol sebäpden hem gözýetimi giň ýaşlaryň kän bolmalydygyny aýratyn belledi. 

Biz hem şu pursatda Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, gelejekde Watanymyzyň mundan beýläk hem güllemegi we ösmegi üçin zähmet çekjekdigimize, we şol göreldä hem ynama mynasyp talyp ýaşlary terbiýelejekdigimize ynandyrasymyz gelýär. 

Goý bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Şu pursatda Hormatly Prezidentimizi we bütin halkymyzy ýetip gelýän taryhy sene – Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Pirguly PIRGULYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Syýahatçylyk” kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok