Bathyzda ösümligi ösdürip ýetişdirmegiň tejribesi toplanýar

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri şu sebitde tebigy bitýän pisse ösümligini ylmy taýdan öwrenmek bilen bir hatarda, goraghananyň merkezi nahalhanasynda we boz meýdanlarda bu gymmatly ösümligi ösdürip ýetişdirmegiň tejribesini toplaýarlar diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar. Häzirki wagtda goraghananyň nahalhanasynda 10 müň düýpden gowrak pisse we badam ösümlikleriniň hem 5 müň töweregi nahalyna gözegçilik edýärler. Goraghananyň ylmy işgärleri nahalhanada ýetişýän ösümliklere talabalaýyk ideg etmek bilen bir wagtda, ylmy işlerini-de utgaşykly alyp barýarlar. Bu bolsa pisseli täze zolaklaryň döredilmegine mümkinçilik berýär. Goraghananyň ylmy işgärleri ösdürilip ýetişdirilýän nahallary bag ekmegiň ýazky möwsüminde meýdanlara çykarmagy maksat edinýärler.

Ýagmyr Orazgeldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok