Bitarap Türkmenistan dünýä metbugatynda

Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. «Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar we şonuň bilen bir hatarda dünýäde parahatçylygy we ynsanperwerligi ündeýär. Hormatly Prezdinetimiziň bu nusgalyk başlangyçlary dünýä neşirýatynda öz ornuny giňden  tapýar.

Türkmenistanyň özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllyk mynasybetli geçirilýän we geçiriljek çäreleri baradaky dünýäniň birnäçe metbugatynda ýer alan käbir çaplara seredeliň.

Günorta Koreýanyň “The Korea Post” gazetiniň internet saýtynda ýazylan habarda şeýle diýilip geçilýär.“Bu ýyl Türkmenistan hemişelik bitaraplyk statusynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden belleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Türkmenistanda ‘Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýilip ykrar edildi”.

https://www.eias.org/ saýtda peýda bolan “Turkmenistan: Celebrating 25 Years of Neutrality” atly makalada: “Türkmenistan garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda daşary syýasatynda has ätiýaçly we seresaply çemeleşen bolsa, soňky ýyllarda has açyk, orta we işjeň bolan başgaça çemeleşmä şaýat boldy. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik döwründe bitaraplyk düşünjesine has çeýe dünýägaraýşyň şaýady bolýarys.” diýilip geçilýär.

https://dailytimes.com.pk/ Habar saýtynda ýerleşdirilen makalada bolsa “Şu ýyl, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen we tassyklanan ýurduň daşary syýasatynyň düýp mazmuny hökmünde kabul edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň 25 ýyllygyny bellär. Bu deňi-taýy bolmadyk status, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky karary bilen ykrar edilen we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ýene-de bir möhüm karary bilen tassyklanandyr” diýilip bellenip geçilýär.

Geldimyradow Muhammet
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara Gatnaşyklary Insitutynyň
Halkara žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok