Türkmenistanyň döwlet ulag syýasatynyň aýratynlyklaryny ählitaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, «www.neutrality.gov.tm» döwlet websaýtynyň giňişligi täze bölüm bilen dolduryldy. Hususan-da, ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmen Sähra — 2020» täze maglumat çeşmesi açyldy.
«Türkmen Sähra — 2020» täze maglumat çeşmesi Türkmenistanyň awtomobil ulagy ulgamynda ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirýän foto we wideomateriallaryň giň toplumyny 3D formatynda beýan edýär.
Ulanyjylara Türkmenistanyň ulag syýasaty barada has köp peýdaly maglumatlary almaga mümkinçilik bermek bilen, saýta maglumatlar yzygiderli goşular.
Şunuň bilen baglylykda, bu saýtyň açylmagynyň ýurdumyzyň wirtual maglumat ulgamyna integrirlenmegi üçin ýene bir ädimi bolandygyny bellemek gerek.
Baýramberdi Kowusow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler