Türkmenistan we Halkara ummanlar instituty hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

30-njy oktýabrda Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp guralan onlaýn duşuşyga IOI-niň we Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Hazar deňzini dolandyrmak meselelerine üns berildi, hususan-da, bu täsin deňiz babatda halkara deňiz konwensiýalaryny ulanmak, halkara deňiz hukugy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň çäklerinde ony öwrenmegiň meselelerine garaldy.

Halkara ummanlar institutynyň okuw maksatnamalary, guraýan okuwlary hem-de uçurymlaryň hünär okuwynyň dowam etdirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öwezgeldi Küläýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok