Türkmenistanda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy

Ýurdumyzyň zähmetsöýer ekerançylary güýzlük bugdaýyň ekişiniň tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu möwsümde 690 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Ekiş möwsümi bellenen möhletlerde hem-de ähli agrotehniki kadalar berjaý edilip geçirildi. Munuň özi gymmatly azyk ekininden bol hasyl alynjakdygyna güwä geçýär. Oba hojalyk pudagynda işleýän alymlaryň bellemegine görä, ýurdumyzda güýz paslynda bugdaýyň ösmegi üçin oňaýly şertler döredilýär. Hut şu döwür bugdaýyň ösmegi üçin örän amatlydyr.

Şu möwsümde howa ýagdaýy agrotehniki babatda örän amatly boldy. Ekiş möwsümi üçin bugdaý tohumynyň ýokary hasylly hem-de kesellere durnukly görnüşleri taýýarlanyldy. Bugdaý ekişinde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap oba hojalyk tehnikalary işledildi.

Pagtaçylyk bilen birlikde, gallaçylyk hem ýurdumyzyň ekerançylyk pudagynyň strategik ugurlarynyň biridir. Ak bugdaýy öndürmek we gaýtadan işlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän agrar syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Şol goldaw bolsa obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümini täze tehnikalar bilen üpjün etmekde we döwrebaplaşdyrmakda, daýhanlary mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edýän himiýa senagatynyň ösüşinde, suw üpjünçiligi meseleleriniň çözülmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Geljek ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna bugdaý taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Ekinleriň häzirki ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermeginden ruhlanan edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bu borçnamalaryň ýene-de üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.

Aýgül Ergeşowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok