Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasynda adam hakyndaky aladalar bar. Ýaş nesillere döwrebap bilim öwretmek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri baradaky aladalar üns bilen gurşalandyr. Umumadamzat gymmatlyklarynyň iň naýbaşylaryny özünde jemleýän nesliň kemala gelmeginde dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermekde, beden we ruhy taýdan sagdyn ýetişmeginde aýratyn tagallalar edilýär. Şonuň üçin ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri hasaplanýar.
Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli ýaşlaryň ümzügi diňe öňe sary”. Şeýle parasatly sözler ýaşlary ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyryp, döredijilikli işlemäge borçlandyrýar. Ýurduň geljegi ylymly, bilimli nesillere bagly. Şonuň üçin ýaş nesilleriň ylym-bilim öwrenmeklerini gazanmakda, olary milli ruhda terbiýelemekde mugallymlaryň başarnygy çäksizdir. Şunda mugallymlaryň guraýan sapaklary gyzyklylygy, netijeliligi bilen tapawutlanýar. Sapaklary kämil guramak, okatmagyň täze usullaryndan peýdalanmak mugallymlaryň borjudyr. Şeýlelikde, mugallymlar ýokary netijäni gazanmak üçin milli ýörelgelere eýerip, ylym-bilimi kämil öwredýärler, ýaşlara döwrebap bilim berýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly tagalla edilýär. Bu bolsa bilim özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini aýdyň beýan edýär. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge, bilim özgertmelerine goşant goşmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Jemal GELDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň okuw işleri
boýunça orunbasary.
Teswirler