Günler, sagatlar, nobatma-nobat aýlanmasy bilen, pasyllaryň çalşygy bilen wagt geçýär. Ýaz paslynda dagyň gary eräp, dag başyny duman örtýär. Buzlar eräp, çeşmedir-çaýlar joşup başlaýar. Guşlardyr, gumrylar guş dilinde tebigatyň gözeldigini wasp edýärler. Aslynda ýazyjylar tebigatyň sözsiz, dilsiz sözleýişine düşünýän adamlar diýilýär. Megerem, suratkeşler hem şeýledir. Tebigata syn edip, birnäçe gözellige teşne bolýan suratkeşler kendiriň ýa-da kagyzyň ýa bolmasa islendik çig malyň ýüzüne wasp etmäge çalyşýarlar. Olar hem öz dünýägaraýyşlaryny, isleg-arzuwlaryny, gündeki görýän zatlaryny şekillendirip, öz wagtlaryny bisarpa geçirenoklar. Şol sanda bu günki günde sungat ojagymyz hasaplanylýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisiniň açylyş dabarasy diýseň gyzykly ýagdaýda geçirildi. Bu döredijilik sergisine birnäçe sungaty söýüjileriniň, halypa mugallymlarynyň we ýaş suratkeşleriň gatnaşmagynda Annageldi Jumaniýazowyň, Merdan Kakabaýewiň we Merdan Babajanowyň eserlerine syn etdiler. Bu ýerde şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk sungatyna degişli bolan portret, natýurmort, durmuşy we taryhy žanrlara ýüzlenilen tematiki eserleri görmek bolýar.
Bu sergide halypa mugallym Annageldi Jumaniýazow özüniň şahsy döredijiliginden iň naýbaşysy hasaplanylýan portret eserleri “Watançy”, “Baý aganyň portreti”, “Almämmedowyň portreti” ýaly işleri ýiti, doýgun reňklerde döredilen. Galyberse-de, suratkeşiň “Aýdym-sazly natýurmort”, “Ýatlama” atly triptih, “Taryh IV” atly nakgaş eserleri özboluşly pikirleri bilen beýan edilýär. Suratkeşiň portret eserlerinde halypalary ýatlap, olaryň duýgusyny kubizm akymy bilen açyp görkezmek isleýär. “Göz – kalbyň aýnasy” diýen pederlerimiz “Ýüz – kalbyň aýnasy” diýmegi-de unutmandyrlar. Adam oglunyň duýgularyny çakgan äşgär edýän onuň ýüzidir. Adamyň ýüz keşbi şahyrlar tarapyndan wasp edilipdir. Edil şonuň ýaly suratkeşler hem ýa halypalaryna bagyşlap, ýa-da belli bir söýgüli ýatlamaly sebäplere görä adamyň ýüz keşbini çekmekligi dowam edýärler. Olar şol çekilen ynsana bolan hormatyny, içki pikirlerini duýgudaşlyk hökmünde tomaşaça ýetirýärler.
Her bir döredijilik ynsanyň öz ýoly, öz çekiş usuly bar. Muňa Merdan Kakabaýewiň “Gyjaklar we tüýdükler”, “Miras”, “Gürgenjiň medeniýeti”, “Nusaý”, “Güller we saz gurallary”, “Ýüpek ýoly”, “Türkmen medeniýeti” ýaly birnäçe maddy we medeni mirasymyza bagyşlanylan natýurmort, peýzaž eserlerini görmek bolýar. Suratkeş arheologik ýadygärlikleri hem ýyly hem ýagty reňkleriň kömegi bilen ýerlikli wasp etmegi başarypdyr. Bu ýerdäki şekillendirilýän Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler geçen döwürleriň naýbaşy binagärlik desgalary bolup, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Türkmenistan gymmatly taryhy mirasa eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde ykrar edildi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ajaýyp ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Syýahatçylaryň dünýä, milli we ýerli medeni gymmatlyklar, özboluşly däp-dessurlar, etnografik aýratynlyklar, binagärlik desgalary we medeni dessurlar bilen tanyşmaga bolan gyzyklanmalary bu ugruň ösmegini şertlendirýär. Şol sanda suratkeşiň hem gyzyklanmasy esasynda birnäçe künjeklere, medeni ýadygärliklere, muzeýlere aýlanyp, taryhy we medeni çeşmelerden ugur alyp, türkmen halkyna mahsus bolan gymmatlyklary açyp görkezýär.
Islendik zatdan estetiki duýgyny açmaklyk, gözellik duýgylarynyň alamatlaryny tapmaklykdyr. Megerem tomaşaçy şu eserleriň üsti bilen özüne gerekli gysgaça estetiki tagam alandyr diýip umyt edýärin. Goý, suratkeşleriň galamlary ýiti bolsun, döredijilik äleminde üstünlikler ýar bolsun!
Bahar Magtymowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler