Hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk toýuna barýan Garaşsyz Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagy ugrundaky umumy tagallalary täze başlangyçlar, halkara bähbitli ýörelgeler, netijeli işler bilen has baýlaşdyrýar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan onlarça Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi bolsa dünýä halklarynyň Watanymyza bolan beýik ynamynyň we buýsanjynyň aýdyň görkezijisidir. Her biri dünýäniň parahatçylygy üçin ädilen uly bir ädim hökmünde taryha giren şol başlangyçlaryň, Kararnamalaryň hakyky gymmaty Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde asudalygyň arzuwynda ýaşaýan millionlarça adamlaryň ykbaly bilen barabar.
Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyjyny goldap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda dünýä giňişliginde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň binýady bolup durýan Bitaraplygymyz we berkararlygymyz halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň üýtgewsiz ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gatnaşyklaryň oňyn tejribesini özünde jemleýär. Dünýädäki wakalaryň çalt we çylşyrymly özgerýän şertlerinde ýurdumyz oňyn bitaraplygyny yzygiderli pugtalandyryp, halkara gatnaşyklaryň durnukly ösýän agzasydygyny iş ýüzünde subut etdi. Geçen ýyllaryň içinde eziz Watanymyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasy ugry diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirildi. Munda döwletara gatnaşyklaryň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň ileri tutulmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara giňişlikde iň ýokary derejede ykrar edilmegini üpjün etdi. BMG bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugrudyr.
Şu ýylda boljak ýubileý seneleriň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň özara baglanyşykly sazlaşygy döredýändigini bellemeli. Bitaraplygyň binýatlyk ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň özboluşly beýanydyr. Bu ýörelgeler dünýäniň häzirki zaman gurluşynda derwaýys ähmiýete eýe bolmak bilen, oňyn we döredijilikli ösüşiň, asuda geljegiň esasy şertine öwrülýär. Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, möhüm ählumumy meseleleri çözmekde we netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm ähmiýet berilýär.
Goý, ýurdumyzy parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mähri GURBANOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler