Zeýtun tebigatyň bize peşgeş beren iň gadymy we gymmatly baýlyklarynyň biridir. Ol diňe bir iýmit hökmünde däl-de, saglygy saklamagyň we bejermegiň tebigy serişdesi hökmünde hem tanalýar. Zeýtun agajynyň miwesi, ýapraklary we ýagynyň dermanlyk häsiýetleri ylym tarapyndan hem tassyklanylan we müňýyllyklaryň dowamynda ulanylyp gelýär. Zeýtunyň dermançylykda we gündelik durmuşda nähili ähmiýete eýedigine göz aýlalyň.
Zeýtun ýagy, esasan-da, saglyk üçin iň möhüm tebigy önümleriň biri bolup, onuň düzüminde ýokary derejede peýdaly maddalar bardyr:
– Zeýtun ýagynda “polifenollar” atly güýçli antioksidantlar bar. Olar bedeniň öýjüklerini erkin radikallaryň zyýanyndan goraýar we keselçilikleriň öňüni alýar.
– Zeýtun ýagynyň düzümindäki “oleokantal” atly birleşmeler bedende ýüze çykýan çişleri we agyrylary azaltmaga ýardam edýär.
– Zeýtun ýagy aşgazan mikroflorasyny gowulandyrýar, iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýär we içegeleriň saglygyny goraýar.
Zeýtun miwesinde C we E witaminleri köp bolup, olar immun ulgamyny güýçlendirýär we bedeni ýokanç kesellerden goraýar. Şeýle-de kalsiý, demir we fosfor ýaly minerallara baý bolup, süňkleriň berk we sagdyn bolmagyna ýardam edýär. Zeýtun miwesinde gan damarlaryny sagdyn saklaýan maddalar bar, olar damarlaryň tämizlenmegine we gan aýlanyşynyň gowulaşmagyna ýardam edýär.
Zeýtun diňe bir dermançylykda däl, eýsem, gündelik durmuşda-da giňden ulanylýar:
• Salatlara goşulýar we aşhanada sagdyn iýmitlenmegiň esasy bölegi bolup hyzmat edýär.
• Zeýtun ýagynyň arassa görnüşi kosmetiki serişdelerde ulanylýar. Ol saçlara we derä peýdaly bolup, ýaşartma täsirini berýär.
• Zeýtun ýapragyndan taýýarlanan çaý bedeni rahatlandyrýar we immuniteti güýçlendirýär.
Zeýtun agajy we onuň önümleri – biziň saglygymyza tebigatyň berýän ajaýyp sowgadydyr. Ol diňe bir bedenimize şypa bermek bilen çäklenmän, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem esasyny düzýär. Zeýtunyň miwesini, ýagyny we ýapragyny dogry ulanyp, uzak we sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolup bileris. Şeýlelikde, zeýtun diňe bir iýmitiň däl, eýsem, dermanlaryň hem gymmatly çeşmesidir.
Güljan ÝARAŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar
lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler