Türkmenistan täze «Yutong» awtobuslaryny satyn alar

2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramynyň çäklerinde «Yutong ZK6128HG» kysymly döwrebaplaşdyrylan şäheriçi awtobuslaryny satyn almak meýilleşdirilýär. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Şeýlelik bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine döwrebap ulaglaryň 700-sini satyn almak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga rugsat berilýär.

Türkmenistanyň awtoparkynda şäher üçin hem-de şäherara ugurlary üçin «Toyota», «Hyundai Universe Luxury», «Hyundai Universe Noble», «Hyundai Super Aero City», «Yutong ZK6129H» we beýleki dürli kysymly ulaglaryň ulanylýandygyny bellemek gerek. Awtoparkynyň häzirkizaman ulaglary bilen yzygiderli täzelenmegi täze ugurlaryň ösmegine we innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Yutong» awtobuslarynyň rahatlygy, tygşytlylygy we howpsuzlygy utgaşýar, şeýle hem halkara ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýär. Ulag öndüriji kompaniýa täze energiýa çeşmelerinde işleýän ulaglary işjeň işläp taýýarlaýar we öndürýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok