Derýalar — bu diňe bir Ýeriň ýüzünden akýan suw akymlary däl. Bular planetamyzy iýmitlendirýän, täsin landşaftlary döredýän we sansyz-sajaksyz janly-jandarlaryň ýaşaýan öýi bolan janly arteriýalarydyr. Käbir derýalar barada maglumatlaryň üstünde durup geçeliň:
Ural derýasynyň täsinligi onuň bir başynyň Aziýada, beýleki başynyň bolsa Ýewropada ýerleşýändigi.
Awstraliýada ýerleşýän Korollyk derýasy we ABŞ-daky Gudzon derýasy — dünýädäki iň hapa suwly derýalardyr.
Amazonka — dünýäniň iň çuň derýasy. Hiç bir derýa suwunyň mukdary babatda Amazon bilen deňleşip bilmez. Onuň suw ätiýaçlygy derýalaryň çuňlugy boýunça sanawdaky özünden soňky ýedi derýadan hem has köpdür.
Uzak ýyllaryň dowamynda Nil dünýäniň iň uzyn derýasy hasaplandy. Onuň uzynlygy 6 650 km bolup, Amazonka bu ugurda (uzynlygy 6400 km) ikinji orunda durýar.
Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda Amazonyň takyk uzynlygy barada jedeller ýüze çykýar. 2007-2008-nji ýyllarda braziliýaly we peruwly barlag geçirijiler täze takyklamalara getirýän birnäçe ekspedisiýa geçirdiler. Ol şeýle netijä eýe boldy: Amazon — 6 992 km, Nil — 6 853 km.
2009-njy ýylda Nil derýasynyň has uzyndygyny — Amazon (6575 km) bilen deňeşdirilende uzyn bolup, onuň 7088 km barabardygyny öňe sürýän makala çap edildi. Bu maglumatlar sputnikden düşürilen suratlar we ýerüsti gözlegler arkaly alyndy.
Bu gözlegleriň hemmesine garamazdan, haýsy derýanyň iň uzyndygy baradaky sorag açyklygyna galýar. Bu babatdaky jedeller häzirem dowam edýär we täze ekspedisiýalar has takyk ölçeglere sebäp bolup biler.
Dünýäniň iň aýlawly derýasy hökmünde tanalýan Piana derýasy Nižniý Nowgorod sebitinde ýerleşýär. Onuň umumy uzynlygy 400 kilometre barabar bolup, onuň gözbaşyndan ahyryna çenli göni ölçegdäki aralyk bary-ýogy 30 kilometrdir.
Mistiki rowaýatlary bilen tanalýan Mekong derýasy özünde ýene bir syry — otly toplary bilen meşhurdyr. Her ýyl ýagýan möwsüminde derýanyň çuňlugyndan ýagty sferalar asmana göterilýär. Bu düşündirip bolmaýan hadysa adamlaryň aňyny haýran galdyryp, dünýäniň dürli künjeklerinden Mekong şäherine syýahatçylaryň ünsüni çekýär.
Wenesuelada ýerleşýän Katatumbo derýasynyň gözbaşynda hakyky reňk özboluşlylygy şüweleňi bolýar. Dünýäniň bu ýeri «Marakaýbo maýagy» ýa-da «Hemişe gazaply ýyldyrym» diýlip atlandyrylýar. Her ýyl derýanyň agzynda 450 000-e çenli ýyldyrym çakmagy hasaba alynýar.
Irtyş (Russiýa) — Ýer ýüzüniň iň arassa derýasy.
Nil — iň gadymy derýa bolup, onuň aglaba bölegi Müsüriň çäginden akýar. Ol çaklamalara görä eýýäm 30 million ýyl töweregi wagt bäri Afrikanyň içinden akyp geçýär.
Derýalar her ýylda 16 milliard tonna ýer bölegini we daşlary deňizlere hem-de ummanlara daşaýarlar.
Aýnur BAÝRAMOWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler