Eziz Watanymyz Türkmenistan bu gün Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny dabaralandyrýar. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýörişi badalga aldy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda gül goýmak çäresine gatnaşdy. Bu dabarada Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtly myhmanlar bardy.
Baýramyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli edara-kärhanalaryň we guramalaryň tapawutlanan işgärlerine sylaglar gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň merdana raýatlary Türkmenistanyň ordenleri, medallary we hormatly atlary bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda halkymyza ýetirildi.
Teswirler