Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy barada söhbet edilende, ajaýyp duýgy, guwanç, buýsanç kalbyňy gaplap alýar. Bu ýöne ýerden däl, çünki «Garaşsyzlyk» diýlen düşünje, ilkinji nobatda, erkana durmuş, milli bitewülik, ata Watana, ene topraga söýgi bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň milli Garaşsyzlygymyzy berkitmek, ýurdumyzy gülläp ösýän döwlete öwürmek ýaly, beýik maksatlar bilen başyny başlan düýpli özgertmeleri häzirki taryhy döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan syýasy üstünliklerdir ykdysady ösüşler, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan tutumly işler döwletimiziň Garaşsyzlyk binýadynyň mizemezligini üpjün edip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryndaky ornuny barha berkidýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmagy bolsa, halkara abraýyny has-da belende göterýär.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da üýtgeşik dabaralara beslenýär. Çünki Garaşsyzlyk bir döwlete gulluk etmek, bir başa uýmak hakyndaky paýhasly pikirlerini özüniň ölmez-ýitmez şygyrlarynda beýan eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýen köňül kelamynyň hakykata öwrülmegidir. Halkymyzyň Garaşsyzlykdan galkynyp, ajaýyp zamanada berkarar eden bu günki bagtyýar durmuşy beýik söz ussadynyň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, //Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirleriniň çuňňur manysyny äleme äşgär edýär.
Hawa, Garaşsyzlyk halkymyzyň buýsanjydyr, sözüň hakyky manysynda göterilen ykbalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Şonuň üçinem Garaşsyzlyk güni dabarasy uludan tutulýan milli baýramlarymyzyň naýbaşysydyr.
Täzegül HOJAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler