Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, ýagny sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Habarlaşmak üçin biziň salgymyz we telefonlarymyz: Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi,

Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-14-56

Bagtyýarlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-68

Berkararlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-67

Büzmeýin etrabynyň Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy, tel: 35-12-69

Köpetdag etrabynyň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-15-26

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy, tel: 22-74-07.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok