Bäherden keramika zawody tejribeli hünärmenleri işe çagyrýar!

Bäherden etrabynda ýerleşýän täze keramiki plitalary we sanitariýa önümlerini öndürýän zawody işe höwesli we işbaşarjaň hünärmenler üçin boş iş orunlaryny hödürleýär.

Arzuw Newsyň berýän maglumatlaryna görä täze zawod halkara ülňilerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge ýöriteleşendir. Iş berijiler işe girmek isleýän hünärmenlere bäsdeşlik haklaryny we ýeňillikleri döretmegi kepillendirýärler, şeýle-de karýasyny ösdürmäge we hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik dörederler. Bu ýerde topar bolup işlemäge hem amatly mümkinçilik döredilendir.

  • Keramiki önümleri öndürmekde tejribesi bolan inžener tehnologlar;
  • Awtomatlaşdyrylan tehniklarda işlemäge ýöriteleşen önümçilik ussalary;
  • Tehniki bilimi bolan önümçilik operatory;
  • Hil gözegçilik hünärmeni bu ugurda iş tejribesi bolan;
  • Maddy baýlyklara seretmek boýunça tejribesi bolan ammar işgärleri;
  • Ýük daşamak boýunça tejribesi bolan logistika hünärmenleri;
  • Inžener mehanik;
  • Inžener tehnolog;
  • Inžener elektrik;
  • Inžener konstruktor;
  • Inžener;
  • Slesar;
  • Elektrik we gaz kebşirleýji;
  • Sürüji/operator;
  • Bejeriji ussa;
  • Hil gözegçi;
  • Ýükleýji/işçi;
  • Hasapçy/buhgalter;
  • Ýurist;
  • Zähmet howpsuzlyk boýunça hünärmen(кадровик);
  • Daşky gurşawy goramak boýunça hünärmen;
  • Maglumat tehnologiýasy boýunça hünärmen.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

Saýlanan dalaşgärler topar bolup işlemeli,işe jogapkärli bolmaly, öz-özüni ösdürmäge we kämilleşmäge hereket etmeli, ýüze çykyp biljek kynçylyklara we wezipelere taýýar bolmaly.

Arza bermek üçin şu salgydaky anketany doldurmaly: şu ýere basyň

Arzalar doldurmagyň soňky möhleti 2024-nji ýylyň 15-nji iýuny.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok