Nil derýasyndan Piramidalaryň gurluşyk daşlarynyň galyndylaryny tapyldy

Alymlar Nil derýasynyň bireýýäm ýitip giden şahasyny tapdylar. Müsüriň piramidalaryna ägirt uly daş bölekleri daşalanda şondan peýdalanylan bolmagy mümkin. Bu maglumatlar hemra suratlaryny we topragyň derňewini ulanmak arkaly halkara alymlar topary tarapyndan alyndy.

Alymlaryň Ahramat (arapça “piramidalaryň şahasy” diýmegi aňladýar) diýip atlandyran bu gadymy goşandy müňlerçe ýyllap çölüň we ekin meýdanlarynyň astynda gizlenipdi. Uzynlygy 64 km bolan bu goşant Giza piramida toplumynyň ýanyndan geçipdir. Maglumatlaryň derňewi goşandyň häzirki Nil derýasynyň günbatarynda 2,5-10,25 km uzaklykda ýerleşendigini görkezýär.

Tapylan goşant mundan 4700-3700 ýyllar aralygy ozal Nil jülgesiniň gurak zolagynyň uzaboýuna näme üçin 31 piramidanyň hatar düzülip gurlandygyny düşündirýär. Gadymy Müsüriň paýtagty Memfisiň golaýyndaky zolak Gizadaky Beýik piramidany, Hefren we Mikerin piramidalaryny öz içine alýar. Arheologlar ozal hem gadymy müsürlileriň ullakan daş böleklerini daşamak üçin üçin golaýdaky suw ýolundan peýdalanandyklaryna ynanýardylar.

Şeýle-de bolsa, Wilmingtondaky (ABŞ) Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň esasy gözlegçisi Eman Goneýmiň bellemegine görä, bu derýanyň ýerleşýän ýeri, şekili, ululygy ýa-da piramidalaryň hakyky ýerleşýän ýerine neneňsi golaýlygy näbelli bolup galýardy. Täze açyş bir asyryň dowamynda derýanyň akymynyň we göwrüminiň üýtgemegine baglylykda, piramidalaryň ýerleşişiniň dürlüçe bolandygyny düşündirip biler.

Gözel ALTYBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok