15 – 17-nji maý aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde ýerleşýän Sergiler merkezinde “Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 17-nji halkara oba hojalyk sergisi geçirilýär. Bu halkara sergä Türkmen telekeçileri ilkinji gezek gatnaşýarlar.
Türkmenistandan başga-da, bu halkara oba hojalyk sergisine Germaniýadan, ABŞ-dan, Belarus Respublikasyndan, Belgiýadan, Çehiýadan, Hytaýdan, Günorta Koreýadan, Estoniýadan, Owganystandan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Ysraýyldan, Şwesiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Indoneziýadan, Latwiýadan, Müsürden, Niderlandlardan, Özbegistandan, Pakistandan, Polşadan, Gazagystandan, Russiýadan, Serbiýadan, Slowakiýadan, Tailanddan, Türkiýeden, Şri-Lankadan, Wenesueladan, Ýaponiýadan we Gresiýadan kompaniýalar gatnaşýarlar.
“Caspian Agro” sergisi günläp dowam eder. Sergisiniň esasy bölümlerini oba hojalyk tehnikalary, oba hojalyk desgalary we enjamlary, suwaryş ulgamlary, gaplaýyş, oba hojalygynda, maldarçylykda, guşçulykda, bal aryçylyk, iýmleriň we dökünleriň önümçiliginde, weterinariýada, bagçylykda, miweleri hem-de bakja ekinleri ösdürip ýetişdirmekde innowasion tehnologiýalar düzer.
Şeýle hem türkmen kompaniýalary degişlilikde, 15 – 17-nji maýda geçiriljek “InterFood Azerbaijan” atly Azerbaýjanyň azyk senagatynyň 29-njy halkara sergisine gatnaşarlar.
Gülnäz GUWANJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler