Aşgabatda yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişi bolar

17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar.

Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, halkymyz umumadamzat medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyra belent sarpa goýýar. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edilmegi beýik akyldaryň kämil döredijiliginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň beýanydyr.

Şahyryň goşgy setirlerinde watançylyk, ynsanperwerlik, il-halkyna wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik ýaly pelsepewi garaýyşlaryň beýan edilmegi Magtymgulynyň döredijilik äleminiň çygrynyň giňdigini açyp görkezýär. Bu dürdäne setirler häzirki wagtda halkymyzyň däp-dessurlarynda öz beýanyny tapmak bilen, ýol-ýörelgämize öwrülen mizemez gymmatlyklardyr. Beýik şahsyýetiň umman ýaly giň şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň ylham çeşmesine öwrüldi.

Oguljan ÝALKABOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok