Türkmen talyplary halkara ders olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Sowet Soýuzynyň iki gezek Gahrymany uçarman-kosmonawt A.A.Leonowyň adyny göterýän Tehnologiýalar uniwersiteti Russiýanyň we daşary ýurtlaryň talyplaryny “Çagyryş” ady bilen her ýylda geçirilýän halkara ders olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu ders olimpiadasy A.A.Leonow adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetinde magistratura maksatnamasy boýunça okuwyny dowam etdirmek isleýän zehinli ýaşlary ylmy-barlag we bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Olimpiadanyň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylyndaky okuwa giriş möwsüminde Russiýa Federasiýasynyň bölüp beren okuw orunlarynyň çäginde magistr bilim maksatnamasyna ýüz tutup bilerler. Olimpiadanyň ýeňijileri we gatnaşyjylary Russiýada okamak isleýän ýaşlara goşmaça mümkinçilikleri hödürleýär.

10-njy marta çenli dowam etjek birinji tapgyryň çäklerinde gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlik geçiriler we 45 minutda çözmek şerti bilen ýumuş berler. Ýeňijileriň sanawy 25-nji marta çenli yglan ediler.

Merdan ALLAGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok