Babadaýhan etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Babadaýhan etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Babadaýhan etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:

Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800136) 3-07-40.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok