Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Zähmet we iş üpjünçiligi bölüminiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar ýany bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, eger bar bolsa, zähmet depderçesini hem-de hünärini tassyklaýan resminamasyny getirmeli.

Çäre 6-njy fewralda sagat 09:00 – 12:00 aralygynda geçiriler.

Goşmaça maglumat üçin, habarlaşmak üçin telefon belgileri we salgylary:

  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy, tel: 22-74-07.
  • Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-14-56.
  • Bagtyýarlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-68.
  • Berkararlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-67.
  • Büzmeýin etrabynyň Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy, tel: 33-12-69.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok