- Gyş pasly täsin pasyl bolup onuň başlanyşy 3 hili düşündirilýär. Kalendarda gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýar. Meteorologlaryň hasaby bilen howa sowanda gyş pasly başlanýar. Astronomiýada bolsa 21-22-nji dekabrda başlanýar. Howanyň iň sowuk hasaba alynmagy taryhda – 91.2 gradusa deň boldy. Ol Antraktida materiginde Sputnikden hasaba alnandyr.
- Rus dilindäki “zima” sözi grekleriň çhemiýa sözünden gelip çykyp şemal , tüweleý diýmekligi aňladýar. Gresiýada gyş paslynda gar ýagmaýar, köplenç ýagyş ýagýar, şonuň üçin howanyň iň sowuk wagtyna ýagyşly döwrüne gyş pasly diýip atlandyrýarlar. Iňlisleriň winter sözi nemes dilinden “Wintar-suw” diýen sözden gelip çykypdyr.
- Gyş paslynda hemmämize mälim bolan gar tozgajyklary ýer ýüzüni gaplap alýar. Olar gurak gaty gar tozgajyklaryna hem-de öl ýa-da çygly gar tozgajyklaryna bölünýärler. Gar bölejikleriniň düzümindäki suwuň mukdary dürli dürli bolup şol bir wagtyň özünde olaryň şekilleri hem bir birine meňzemeýär. Ýer ýüzünde näçe adam bar bolup olaryň biri-birine meňzemeýşi ýaly gar tozgajyklarynyň şekilleri hem dürli-dürli bolýar. Olaryň düzüminiň 95% howadan ybarat bolup ol suw damjasynda has ýeňil bolýar. Gyş paslynda Gün Ýer planetasyna has golaýlaşýar we muňa seretmezden howa sowuk bolýar.
Annaguly AHMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler