Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk-binagärlik toplumyny dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň kömegi bilen özleşdirilmegine, milli binagärlik ýörelgeleriniň ösdürilmegine ugrukdyrýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi täzelenip, türkmen medeniýetiniň özboluşly ugurlaryny we baý mirasyny özünde jemleýär.
Häzirki wagtda gurluşyk pudagynda Paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde BIM (Building Information Modeling) tehnologiýasyny şekiller arkaly ulanmak bilen binalaryň maglumat taýdan moderlirlenmegine we şu usul bilen gurlan binalara gözegçilik etmek usulyny peýdalanmak örän ähmiýetlidir.
BIM – (Building Information Modeling ýa-da Building Information Model – Maglumat bilen modelirlenen desga ýa-da desganyň maglumat modeli) – bu desganyň diňe bir geometriki çyzgysyny öz içine alman, eýsem desganyň fiziki we funksional häsiýetleriniň sanly göz öňünde tutmasy bolup durýar.
Gurulýan desganyň seljeriş we gözegçilik ediş işlerinde “BIM” tehnologiýalarynyň ulanylmagy işiň hilini ýokarlanmagyny üpjün etýär we taslama boýunça işi has aýdyňlaşdyrýar şeýle-de taslamanyň özüni dolandyrmaklyga has oňaýly etýär bu bolsa öz gezeginde serişdeleri tygşytlamaga ýardam berýär.
Gurluşyk pudagyndaky täzeçil tehnologiýalar we taslama işlerinde 3D usulynyň giň mümkinçilikleri häzirki zaman binagärlerine gurluşy we gözelligi babatda özboluşly taslamalary döretmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Olara mysal edip saglyk we Medeniýet öýleri, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, söwda merkezleri we dükanlar gurulýar. Ýaňy ýakynda bolsa Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek işlerine badalga berildi. 2023- ýylynyň 1-nji sentýabrynda institutyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 7 sany fakultet we 26 sany kafedra hereket edýär we hünärmenleri taýýarlamagyň 9 sany ugry we 29 sany hünärler boýunça 3000-den gowrak talyplara döwrebap bilim berilýär.
Institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Nury AGABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň inžiner mehanika
fakultetiniň mugallymy.
Teswirler