1-nji iýunda paýtagtymyzyň ýaşaýjysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Remezan Joraýewiň öý muzeýiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýazyjy-şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly myhmanlar, şeýle hem halypanyň şägirtleri gatnaşdylar.

Muzeýdäki gymmatlyklaryň aglabasy çaga we nesil terbiýesine degişlidir. Öý muzeýi «Nesil terbiýesi — miras-edep çeşmesi» diýlip atlandyrylýar. Öý muzeýinde hem tanymal alymlaryň, professorlaryň çaga we nesil terbiýesinden söz açýan, şeýle-de Remezan Joraýewiň özüniň dürli ýyllarda ýazan «Edep çeşmesi öý muzeýi», «Perzent ykbaly», «Kämil perzent terbiýesi», «Çaga terbiýesiniň ylmy-amaly esaslary we şanly geljegi» atly kitaplary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde diňe bir kitaplara däl-de, professoryň dürli kärlerde zähmet çeken görnükli adamlar bilen düşen ýadygärlik suratlaryna-da uly orun berlipdir. Öý muzeýindäki suratlar, dürli wakalardan söhbet açýan ýatlamalar edil çeper eserlerdäki ýaly, bir-biriniň üstüni ýetirip, halkymyzyň tas bir asyrlyk taryhyny dogruçyllyk bilen beýan edýär.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary günüň islendik wagty bu ýere gelip, halypanyň ýazan kitaplary, işleşen döwürdeşleri baradaky ýakymly ýatlamalar bilen tanşyp bilerler.
Teswirler