Orta mekdeplerde synaglar dowam edýär!

Ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim berýän orta mekdeplerinde synp­dan-syn­pa ge­çi­riş sy­nag­lary gu­ra­ma­çy­lyk­ly dowam edýär. Ders sy­nag­la­ry okuw­çy­lar üçin bi­lim­le­ri kä­mil­leş­dir­me­giň esa­sy bol­up durýar. Okuw­çy­lar ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da öz­leş­di­ren bi­lim­le­ri­niň de­re­je­si­ni gaý­ta­dan sy­nap gör­ýär­ler, ge­çi­len­le­ri gaý­ta­la­ýar­lar. Ýat­da sak­la­ma­ly ýer­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär­ler. Öň­ki al­nan bi­lim­le­ri tä­ze­den aň­la­ryn­da di­kelt­me­li bol­ýar­lar. Taý­ýar­lyk döw­rün­de okuw­çy­lar ge­çen­le­ri­ni bir­laý gaý­ta­lap çyk­ma­ly bol­ýar. Şeý­le taý­ýar­lyk­dan soň ola­ryň ýo­ka­ry ba­ha al­ýan­la­ry köp bol­ýar. Şo­nuň üçin, il­ki bi­len, jem­leý­ji sy­nag­la­ryň nä­hi­li gör­nüş­de alyn­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, mek­dep­de taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň umu­my­bi­lim berýän orta mekdeplerinde gu­tar­dyş sy­nag­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lykly iş­le­r al­nyp ba­ryl­ýar. Sy­nag­lar­dan öňür­ti mu­gal­lym­lar we ýo­ka­ry synp okuw­çy­lary bi­len taý­ýar­lyk oku­wlary ge­çi­ril­ýär. Mek­de­pleriň giň za­lyn­da gö­zük­di­ri­ji­ler go­ýul­dy. Mu­gal­lym­la­ryň no­bat­çy­ly­gy bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­lar dü­zül­di.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok