Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda kämil nesli kemala getirmäge, jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy ýokarlanýar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri, ilkinji nobatda, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilendir. «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtaýar.
Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Bilim merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden we nesilden-nesle geçirip gelen iň gymmatly baýlygydyr, durmuş ýörelgesiniň, medeniýetiniň hem-de tejribesiniň gözbaşydyr. Ýaşlaryň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelemegi mugallymlaryň döredijilik-hünär ussatlygy, ogul-gyzlaryny terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekmek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Amantäç ANNAGULYÝEWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Maglumat tehnologiýalary
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler