Türkmenistanyň baýdagy Tiblisiniň teleýaýlym diňinde şöhlelendi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi.

Tbilisiň teleýaýlym diňi barada aýdyp geçsek bu diň «Mtasminda» seýilgähiniň çäginde ýerinde ýerleşýär. Ol 1972-nji ýylda guruldy. Teleýaýlym diňiniň beýikligi 274,5, deňiz derejesinden beýikligi – 719,2 metrdir. Teleýaýlym diňini şäheriň  islendik ýerinden görmek bolýar. Ol Tbilisiniň esasy nyşanlarynyň biridir.

Iki ýurdyň arasyndaky däp bolan dosluk we doganlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde garalýan bu waka ýene iki gün dowam eder.

Nurgül KAKABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Kitaphana müdüri
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok