Tebigatda guşlar ýaly özüne çekiji, guwandyryjy, täsin galdyryjy, ruhuňy göteriji başga haýwan toparyny göz öňüne getirmek juda kyn. Guşlar dünýäde iň hereketjeň haýwanlar bolmak bilen, olar Ýer togalagynyň ähli künjeklerine aralaşypdyrlar hem-de ynsan bilen ýanaşyk ýaşaýarlar. Görnüşleriniň umumy sany we biologik dürlüligi boýunça gury ýerde ýaşaýan ýokary derejeli gurluşly haýwanlaryň arasynda guşlar bilen bäsleşip biljek ýokdur.
Halkara guşlar güni ekologiýa senenamasyndaky iň gadymy baýramçylykdyr. Bu baýramçylygyň taryhyna nazar aýlasak, ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 1894-nji ýylda Amerikanyň Pansilwaniýa ştatynda kiçi nebit şäheriniň mugallymy Çarlz Babkok tarapyndan gurnalan çagalar oturylyşygy bilen başlandy. Baýramy “Pittsburgh Telegraf Hronika” gazetiniň işjeň wagyz etmegi, bu çäräniň geriminiň giňelmegine goldaw bolupdyr. Mundan başga-da, gazet mekdep okuwçylary üçin guşlary goramak üçin ýörite klub-muzeý gurapdyr. Tizara, guşlar güni ýurduň ähli ştatlarynda milli baýramçylyk hökmünde giňden geçirilip başlanylýar, soňra Ýewropa sebitlerine gelýär hem-de şu gün ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” biologiki maksatnamasynyň çäginde geçirilýär.
1902-nji ýylda Parižde ondan gowrak döwlet tarapyndan gol çekilen “Oba hojalygynda peýdaly guşlary goramak boýunça Bütindünýä konwensiýasy” işlenip düzülýär. 1905-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa bu konwesiýa güýje girizilip başlaýar. Halkara guşlar güni diňe bir Konwensiýanyň kabul edilmegi bolman, eýsem aprel aýynda gyşlaýan ýerlerden guşlaryň göçýän wagtyna gabatlanyp 1-nji aprelde bellenilýär. “Halkara guşlar güni” 1927-nji ýyldan başlap her ýyl 1-nji aprelde bellenilip geçilýän baýramçylykdyr .
Guşlar dünýädäki ähli ekoulgamlarda ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň iň köp we köp toparydyr. Häzirki wagtda Halkara Ornitologlar Bileleşiginiň habaryna görä birnäçe müň görnüş belli. Diňe tebigatda däl eýsem adam durmuşynda hem iň möhüm rol oýnaýan guşlardyr. Guşlar tebigy biosenozlara täsir edýär, köp mukdarda haýwan hem-de ösümlik iýmitini iýýär, tohumyň ýaýramagyna kömek edýär, oňurgasyzlaryň hem oňurgaly haýwanlaryň sanyny kadalaşdyrýar we beýleki haýwanlar üçin iýmitdir. Guşlar tokaý hojalygyna we oba hojalygyna zyýanly syçan ýaly gemrijileri, mör-möjekleri we haşal otlary ýok edýärler. Guşlaryň dogry ulanylmagy (zerur sanlary döretmek arkaly) pestisidleriň ulanylyşyny ep-esli azaltmaga kömek edýär.
Alymlary hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda dünýäde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi mälim bolup, olar jemi 28 topara (otrýada) degişlidirler. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň tebygatynyň faunasy we florasy köp dürlidir. Türkmenistanyň guşlarynyň (ornitofaunasyny) öwernmegiň 200 ýyldan hem gowurak taryhy bar.
Türkmenistanyň çäginde bolsa häzirki wagtda guşlaryň 400-den gowurak görnüşleriniň duş gelýändikleri belli edildi. Olar 18 toparyň (otrýadyň) wekilleri hasaplanýar. Döwletimiziň çäginde duş gelýän guşlaryň şunça mukdardaky görnüşleriniň 40-synyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirine (2011) girizilendiklerini hem bellemek gerek.
Ogulgül ANNAÝEWA,
Daşoguz welaýat Daşky gurşawy goramak
müdirliginiň hünärmeni.
Teswirler