Bitarap ýurdumyzda medeni-mirasyň waspy

Milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde pederlerimiziň miras goýan umumadamzat taglymatlary we watansöýüjilik duýgulary uly orun eýeleýär. Ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň uz bar­mak­la­ryn­dan dö­re­ýän el iş­le­ri­niň äh­li­si-de ne­pis sun­gat ha­sap­la­nyl­ýar.

Mil­li ly­bas­la­ry­myz­da­ky her bir nag­şy­myz gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň gü­lün­den, gun­ça­syn­dan nus­ga al­nyp, döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp dö­re­di­len na­gyş­lar bu gün­ki gün mil­li ly­bas­la­ry­my­zy be­ze­ýär. Keş­de­dir gaý­ma­lar, ha­ly­dyr pa­las­lar, ki­lim­ler ýü­rek­ler­de ba­ky orun alan gö­zel­lik­ler­dir.

Her bir taryhy gymmatlygy aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip, olary has içgin öwrenmek üçin ýurdumyzyň ähli  künjeklerinde muzeýler gurulyp ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, şekillendiriş sungaty muzeýi Milli haly muzeýi, Watan mukaddesligi muzeýi, Magtymguly pyragy muzeýi, Gökdepe muzeýi, şeýle hem welaýat merkezlerinde gurlan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri halkymyza taryhyň sahypalaryny açyp görkezýär.

.

Leýli MUHAMMEDOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Medeni gymmatlyklary rejeleyiş we muzeý
işi kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok