Sanly bilim ulgamynyň döwrebap mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär.

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” karara gol çekdi. Karara laýyklykda, täze bilim merkezlerini, portallary döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutuldy. Şol taryhy Kararyň esasy maksady Watanymyzyň innowasiýa ösüşine laýyklykda, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesle dörebap bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli bilimiň elektron maglumatlary bilen üpjün etmekden  ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň bilim ulgamy düzimi boýunçada, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da  barha kämilleşýär, ýaş nesliň döwrebap bilim almak mümkinçilikleri giňeldilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalaryň netijeliligi bilim boýunça döwletiň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykarmagynda hem-de ahyrky netijede ýurdumyzyň dünýäde eýeleýän ornunyň ýokarlanmagynda şöhlelenýär.

Enegül TAŇYRBERDIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok